Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 26.12.2014

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

161108
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 26.12.2014

“Sabah” gazeti “Abadi Yragyň nebiti Türkiýä eksport ediler diýdi” söz başyly habarynda Yragyň Premýer ministri Haýdar Al Abadinin Türkiýä guran resmi saparynda energetika meselesiniň esasy orun eýeleändigini ýazýar.Gazet Türkiýe bilen Yragyň arasyndaky Ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk geňeşiniň maslahatyndan soň Premýer ministr Ahmet Dawutogly bilen yrakly kärdeşi Al Abadiniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine beýanat berendigini nygtaýar.Gazet Yragyň premýer ministri Abadiniň Yragyň nebitiniň Türkiýäniň üstasyr dünýä ýurtlaryna eksport edilmegini isleýändiklerine ünsi çekýär.Gazet Al Abadiniň “Türkiýe bilen Yragyň arasyndaky ykdysady, syýasy, söwda, harby we howpsyzlyk taýdan edilýän gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyny isleýäris”diýen sözlerine ýer berýär.


“Star” gazeti “Afrikada ýer ýaryşynda Sudan we Jibuti göçümi” söz başyly habarynda Günbatarly ýurtlaryň Afrikadan ýer almak ýaryşynda Türkiýe, Sudan we Jibuty bilen öňe geçmegi maksat edinýändigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
Gazet Türkiýäniň geçmişde Osmanlynyň serhetlerine degişli bolan Sudanda we Jibutide kireýine ýer alyp ekin ekmegi meýilleşdirýändigini nygtaýar.


“Ýeni Şafak” gazeti “Ysraýylyň ýykan metjitlerini Din işleri guramasy ýaňadandan gurar” söz başyly habarynda iýul aýynda Ysraýylyň Gaza guran hüjümlerinde ýykylan metjitleriň ýerine Türkiýäniň Din işleri gaznasy tarapyndan täze metjitleriň guruljakdygyny habar berýär.
Gazet Din işleri gazanasynyň hüjümlerde ýykylan 9 metjitiň ýerine täze metjit gurjakdygyny ýatladýar.


“Haber Türk” gazeti kino fiilm sungadynyň 2014-nji ýylda ýerli we daşary ýurtly filmler taýdan uly öňe gidişligiň edilendigini ýazýar.
Gazet dekabr aýynyň 3-18-i aralygynda 103-i ýerli bolmak bilen täze 341 filmiň görkezilmäge başlanandygyny nygtaýar.


“Sabah” gazeti “Krizis rus syýahatçylyk pudagyna zeper ýetirdi” söz başyly habarynda ykdysady krizisiň we rublyň hümmetini ýitirmeginiň syýahatçylyk pudagyna ýaramaz täsirini ýetirmäge başlandygyny habar berýär.
Gazet krizisiň rus turistleriniň ünsüni özüne çekýän Türkiýä hem ýaramaz täsirini ýetirýändigini belleýär.
Gazet Türkiýä gelýän rus turistleriniň sanynyň azalandygyny nygtaýar.
Gazet Russiýanyň Gezelenç operatorlary bileleşiginiň başlygy Maýa Lomidzeniň şu ýyl daşary ýurtlara dynç almaga gidýän rus turistleriň sanynyň 2013-nji ýyl bilen deňeşdirilende 40-50 göterim aşaklajakdygyna aýratyn ünsi çekendigini belleýär.

 

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar