Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 18.12.2014

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

152159
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 18.12.2014

“Radikal” gazeti “Trikotaž eksportynda ÝB öňde” söz başyly habarynda, türk trikotaž we egin-eşik pudagynyň ýanwar-noýabr aýlarynyň aralygyndaky döwürde 75 göterimi ÝB-ne agza ýurtlara bolmak bilen 17,4 milliard dollarlyk eksport edendigini ýazýar. Habarda ÝB-ne agza ýurtlara edilen eksportyň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 10,1 göterim artyp, 13 milliard dolara golaýlandygy mälim edilýär.
“Milliýet” gazeti “50 million uçdy” söz başyly habarynda, Türk howaýollarynyň ýanwar-noýabr aýlarynyň aralygyndaky döwürdäki ýolagçy sanynyň geçen ýyl bilen deňeşdirilende 13,3 göterim artyp, 50,4 milliona ýetendigi nygtalýar. Gazet Türk howaýollaryndan berilen beýanata laýyklykda degişli döwürde uçarlaryň dolulyk mukdarynyň 79,1 göterime barabardygyny ýazýar.
“Hürriýet” gazeti “ŽJY-a Türkiýeden başlyk” söz başyly habarynda, halkara liderlik we telekeçilik guramasy “Žunior Jhamber İnternationalyň” 2015-njy ýyldaky başlygynyň Türkiýeden İsmail Haznedar bolandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. 119 ýurtdan 200 müňden gowrak işjeň agzasy we 2 million uçurymy bilen iş alyp barýan liderlik we telekeçilik guramasy “Žunior Jhamber İnternationalyň” 2014-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Germaniýanyň Leipzig şäherinde geçirilen saýlawynda dünýä boýunça başlyklygyna Türkiýe bölüminiň başlygy İsmail Haznedaryň saýlanandygy mälim edilýär.
“Star” gazeti “Meşhur markalar sahna çykýar” söz başyly habarynda, şy ýyl 15-njisi geçirilýän “MARKA” maslahatynyň şu gün öz işine başlaýandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda “Hilton Stambul Bomontide öz işini dowam etdirjek maslahatda şäher durmuşyndan moda dünýäsiniň kynçylyklary, aýdym-saz bilen döredijiligiň arasyndaky gatnaşygyndan “amatly-lýuks” adalgasyna çenli markalaryň özboluşlyklary, olaryň geljegini ugrukdyrjak pikirler gün tertibine geler” diýilýär.
“Ýeni Şafak” gazeti “İň gowularda türk köçesi” söz başyly habarynda, fransuz firmalaryndan “Presenje Marýsterý Shopping” tarapyndan 2011-2012-nji ýyllaryň aralygynda taýarlanan “Dünýäniň iň owadan köçeleri” barlagynda 30 şäherden 30 köçäniň orun alandygy, Stambulyň meşhur Bagdat köçesiniň sanawda özüne 4-nji ýerde orun tapandygy halk köpçüliginiň dykgatyna ýetirilýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar