Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 08.12.2014

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

140589
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 08.12.2014

“Star” gazeti “Gazpromyň Türkiýe bilen bagly möhüm beýanaty” söz başyly habarynda, rus gazynyň indi Ýewropadaky alyjylara gönüden ýetirilmejekdigini, Türkiýe-Gresiýa serhedinden geçiriljek gaz barada “Ýewropa nurbadyny Türkiýä sowgat etdi” diýlen garaýyşyň beýan edilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Gazpromyň başlygy Alekseý Milleriň Türkiýäniň üstaşyr Ýewropa akdyryljak rus gazy barada “Türkiýe bu täze pursatdan ÝB bilen gepleşiklerinde peýdalanyp biler” diýip analiz berendigini we “biz hem tebigy gaz pudagynda Türkiýe ýaly täze strategik hyzmatdaşa eýe bolduk” diýendigini ýazýar.
“Ýeni Şafak” gazeti “Türkiýe ynsanperwer kömeginde dünýä boýunça birinji ýerde” söz başyly habarynda, Türkiýäniň 2013-nji ýylda dünýä boýunça resmi taýdan we jemgyýetçilik guramalary arkaly beren 4 milliard 347 million dollarlyk ynsanperwer kömegi bilen milli girdejä görä halka kömegini beren birinji ýurt bolandygyny mälim edýär. Gazet Türkiýäniň 2013-nji ýylda Owganystan, Ýemen, Gaiti, Filippinler bilen birlikde 120 ýurda kömek elini uzadandygyny nygtaýar.
“Akşam” gazeti “Gabaw aýrylman ne dialog bolar ne-de ilçi gider” söz başyly habarynda, resmi Tel-Awiwiň “Mawi Marmara” wakasy sebäpli resmi taýdan ötünç soramagyndan soň dowam etdirilen, emma Ysraýylyň Gaza operasiýa guramagy sebäpli bes edilen gepleşikleriň Gaza goýlan gabaw doly aýrylýança başlamajakdygyny halk köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda “Akşam” gazetine interwýu beren daşary işler ministrliginiň ýokary derejeli işgäriniň “Gaza goýlan gaban aýrylmasa ne dialog dowam etdiriler, ne-de diplomatik wekilçilik üýtgär. Türkiýe bu meselede berk pozisiýa eýeleýär” diýen sözleri çap edilýär.
“Watan” gazeti “Ösen ýurtlardaky esasy uniwersitetler” söz başyly habarynda, “Taýms Haýger Edukeýşen” guramasynyň ösen ýurtlardaky iň gowy uniwersitetleri berilýän bilimiň hili, ylmy barlaglar, maglumat çalşygy we halkara derejesindäki abraýy ýaly 13 ugur boýunça saýlandygyny, sanawda birinji onlukda 3, birinji ellilikde bolsa 7 türk uniwersitetiniň bardygyny mälim edýär. Gazet sanawdaky birinji onlukda Ýakyn Gündogar Tehniki Uniwersitetiniň üşünji, Bosfor uniwersitetiniň ýedinji we Stambul Tehniki Uniwersitetiniň sekinji ýeri eýeländigini ýazýar.
“Sabah” gazeti “Dünýäniň we Türkiýäniň futbol ägirtleri Stambulda duşuşar” söz başyly habarynda, futbolyň meşhurlarynyň “Sportsmen baýraklarynyň gowşurlyş” dabarasyna gatnaşmak üçin 15-nji dekabr duşenbe güni Stambulda jemlenşjekdiklerini mälim edýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar