Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 03.12.2014

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

136079
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 03.12.2014


“Ýeni Şafak” gazeti gaz meselesi bilen baglanşykly habarynda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň Türkiýä guran resmi saparynyň çaginde Günorta Akym taslamasyny bes edip ugruny Türkiýä gönükdirmeginiň Ýewropa ýurtlaryny geň galdyrandygyny ýazýar.
Gazet Balkan ýurtlarynyň umyt baglan täze tebigy gaz geçirijisiniň Türkiýäniň üstinden geçjekdigi sebäpli resmi Moskwa bilen Ankaranyň strategik hyzmatdaşlygy hökmünde analiz edilendigini belleýär.
Gazet rus lideri Putiniň Ýewropany gaz bilen üpjün etjek täze tebigy gaz turba geçirijisiniň Türkiýäniň üstünden geçjekdigini beýan etmeginiň esasan hem Gündogar Ýewropa ýurtlarynda dartgynlyk emele getirendigini nygtaýar.


“Sabah” gazeti “Türkiýe daşary ýurtly maýadarlaryň üns merkezinde” söz başyly habarynda Mapfre toparynyň her ýyl tapawutly ýurtda ýokary derejeli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda geçirýän inwestorlar maslahatynyň şu ýyl Stambulda geçirlendigini belleýar.
Gazet maslahatda söz sözlän Mapfre toparynyň başlygy Antonio Huertasyň Türkiýäniň maýadarlaryň ünsüni özüne çekmäge dowam edýändigi hakyndaky sözlerini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.
Gazet Türkiýaniň özüne mahsus özboluşlylygynyň bardygyny we maýadarlaryň ünsüni özüne çekmäge dowam edýändigini aýdan Huertas “Birinjisi Türkiýe ilat taýdan hem uly ýurt. İkinjisi ykdysadyýeti gün saýyn ösýär. Üçünjisi bolsa strategik ýerleşişi taýdan hem möhüm” diýendigini ýatladýar.


“Star” gazeti “Trawel Turkeý İzmir 4-nji dekabrda açylýar” söz başyly habarynda Türkiýaniň syýahatçylyk pudagynda esasy orun eýeleýän Trawel Turkeý İzmir syýahatçylyk ýarmarkasynyn we konferensiýasynyň 4-nji dekabrda penşenbe güni İzmiriň Halkara ýarmarka meýdanynda dabaraly ýagdaýda 8-nji gezek açyljakdygyny ýazýar.


“Sabah” gazeti 2013-nji ýyldaky ilat we saglyk ylmy barlagyň netijesiniň beýan edilendigini ýazýar.
Gazet Galknyş ministri Jewdet Ýylmazyň ýaşuly ilatyň sanynyň 2023-nji ýylda 10, 2050-njy ýylda bolsa 21 göterimden geçjekdigi hakyndaky sözlerini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.


“Sabah” gazeti “Türkiýe bilen Ýaponiýa birlikde kino film surata düşürýär” söz başyly habarynda Ýaponiýanyň Türkiýedäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly baş ilçisi Ýutaka Ýokoiniň Ertugrul Fyrkady barada birlikde kino film surata düşürýändikleri hakyndaky sözlerine ýer berýär.
Gazet geljek ýyl tamamlanmagynda garaşylýan filmde türk we ýapon kino sungadynyň meşhur aktýorlarynyň rol aljakdygyny belleýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar