Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 01.12.2014

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutuluýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

210539
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 01.12.2014

“Star” gazeti “Papanyň İtaliýa ýolundaky möhüm beýanaty” söz başyly habarynda, Türkiýä üç gün dowam eden resmi sapar guran Papa Fransiskiň İtaliýa ýolunda möhüm beýanat berendigini ýazýar. Gazet Rim Papasynyň Soltanahmet metjidine eden dogasy barada “Soltanahmet metjidine men syýahatçy hökmünde bardyp diýip bilmezdim. Men ol ýerde ajaýyp kaşaňlygy gördüm. Müfti hem gowy düşündirdi. Gurhanda aýatlary okady, Hezreti Merýem barada durup geçdi. Şol wagt doga okamak isledim. Olam bolýar diýdi” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
“Hürriýet” gazeti “Diýarbakyr garažy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Biržalar we Söwda Birleşmeleri Bileleşiginiň (TOBB) Ankaradan soň Diýarbakyr şäherinde telekeçiler fabrigini gurjakdygyny ýazýar. Habarda “Garaž telekeçi taýarlaýyş ussahanasy” atly merkezde telekeçilik potensialyna eýe bolan ýaşlara tälim beriljekdigi, ýüze çykan teklipleriň seljeriljekdigi we ýaş telekeçilere döwlet gaznalaryndan peýdalanmaklary üçin goldaw beriljedigi nygtalýar.
“Haber Türk” gazeti “Dünýäde birinji üçlükde” söz başyly habarynda, Birža Stambulyň ilkinji 100 indeksiniň noýabr aýynda iň ýokary girdeji getiren görkezijisi indeksleriniň arasynda üçünji ýeri eýeländigini mälim edýär. Gazet Birža Stambul 100-iň esasanda OPEK-iň önümçilik kwotasyny üýtgetmezlik baradaky kararyndan soň nebitiň nyrhlarynyň arzanlamagynyň nagt ýetmezçiligine we infiliasiýa oňyn täsir ýetirmegi netijesinde noýabr aýynda 7,59 göterim artandygyny ýazýar.
“Sabah” gazeti “Jem Ýylmazyň “Golaýda” atly filmi Parižde söz başyly habarynda, Fransiýanyň paýtagty Parižde türk filmleriniň görkeziljek “Parižde türk kinosy bilen duşuşyk” çäresiniň çäginde meşhur komediýaçy Jem Ýylmazyň “Golaýda” atly filminiň premýerasynyň geçirilendigini mälim edýär. Gazet “Kamps-Eliza” şaýolundaky kino-konsert zalynda geçirilen premýera medeniýet we syýahatçylyk ministriniň orunbasary Abdurrahman Aryjynyň, Türkiýäniň Fransiýadaky ilçisi Hakky Akiliň we köp sanly sungat ussadynyň gatnaşandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
“Ýeni Şafak” gazeti “Tireden taryh çogýar” söz başyly habarynda, İzmiriň Tire etrabynda iýulda aýynda tapylan “Giçki Rim” döwrüne degişli 3 gubyrdan soň bellenen tertipde dowam etdirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesini bermäge başlandygyny nygtaýar. Gazet gözleg ginişliginde biziň eýýamymyzyň 4-nji asyryna degişlidigi çak edilýän lahit bölekleriniň tapylandygyny, tapylan lahit bölekleriniň Tire etrap muzeýinde gorag astyna alynandygyny mälim edýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar