Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 30.11.2014

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

209999
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 30.11.2014

“Sabah” gazeti “Dikdator aklandy, demkrat ölüm jezasyna höküm edildi” söz başyly habarynda, Müsüri 30 ýylyň dowamynda demir ýumruk bilen dolandyran we 2011-nji ýylyň başynda Tahrir meýdanyndaky halk hereketi arkaly akdarylan dikdator Hüsni Mübäregiň harby agdarlyşyk arkaly iş başyna gelen Sisiniň hökümetine degişli kazyýeti tarapyndan aklanandygyna ünsleri çekýär. Gazet galplyk günälerinden aklanan Mübäregiň, günäsiz diýlip tapylandygyny ýazýar. Habarda harby agdarlyşyk tarapyndan iş başyndan çetleşdirilen saýlaw bilen iş başyna gelen ilkinji prezident Muhammed Mursiniň bolsa ölüm jezasy bilen sud edilýändigi nygtalýar.
“Akşam” gazeti “Gauk gahrymana öwgüli sözler aýtdy” söz başyly habarynda, Germaniýanyň Prezidenti Ýoahim Gaukyň serp ýaşlaryna çäre görmek islän mahaly urlup öldürilen Tugçe Albaýragyň hossarlaryna telefon edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Gaukyň “Başgalary ýüzüni sowan bolsa, Tugçe göreldeli ýagdaýda batyrgaýlyk edipdir we ejir çekenleriň ýanynda durupdyr” diýen sözlerini ýerleşdirýär.
“Watan” gazeti “Dünýä üçin doga ediň” söz başyly habarynda, Papa Fransiskiň Stambulda ilki bilen Soltanahmet metjidine barandygyny ýazýar. Gazet papa ýoldaşlyk edeb Stambulyň Müftüsi Rahmi Ýaranyň häzirki wagtda dünýä üçin dogan etmegiň möhümdigini aýtmagyndan soň iki ruhanynyň egin-egine dogan edendigine ünsleri çekýär.
“Star” gazeti “Halal syýahatçylykda dünýä liderligi” söz başyly habarynda, MÜSİAD-yň 15-nji halkara sergisiniň çäginde geçirilen “Halal syýahatçylyk” temaly maslahatda gatnaşyjylaryň Türkiýäniň eýe bolan baýlyklary netijesinde Halal syýahatçylygyň lideri bolup biljekdigini aýdandyklaryny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda maslahata gatnaşan Halkara iş forumynyň başlygy Erol Ýararyň Türkiýede 1996-njy ýylda ilkinji gezek Antalýada döredilen halal syýahatçylyk myhmanhanarynyň ýaýbaňlaşandygyny, halal syýahatçylygyn jemgyýetiň isleglerine laýyklykda esasy pudaklaryndan birine öwrülendigini aýdandygy mälim edilýär.
“Ýeni Şafak” gazeti Stambulyň howa menzillerine üstümizdäki ýylyň 10 aýynda gelip-giden ýolagçylaryň sanynyň 195 ýurduň ilatdan ýokarydygyny ýazýar. Gazet degişli döwürde Atatürk we Sabiha Gökçen adyndaky howa menzillerine 67,8 million syýahatçynyň gelip-gidendigini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar