Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 27.11.2014

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

207507
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 27.11.2014

“Star” gazeti “Ferguson ody 170 şäherde tutaşdy” söz başyly habarynda, ABŞ-da ýaragsyz garaýagyz ýaşlardan biri bolan Mişel Browny öldüren polis gullukçysyny aklan emin agzalaryň kararyndan soň Ferguson şäherçesinden başlan “adalat” demonstrasiýalarynyň ýurduň 170 şäherinde dowam edendigi nygtalýar.
“Akşam” gazeti “JNN-niň” ABŞ-daky garaýagyzlaryň gahar-gazabyny görmediksirändigine ünsleri çekýär. Gazet 18 ýaşyndaky ýaragsyz ýetginjegi atyp öldüren polis gullukçysynyň kazyýet işine çekilmezligi baradaky kararyň kabul edilmeginden soň şäherde başlan wakalary tas hiç efire bermedik telewizion kanalynyň uly protestlere sezewar bolandygyna üns çekilýär.
“Ýeni Şafak” “Rakka aglaýar” söz başyly habarynda, Siriýanyň harby goşunyna degişli harby uçarlaryň terror guramasy YSYS-yň gözegçiligindäki Rakka şäherine guran howa hüjüminde esasy bölegi aýallardan we çagalardan ybarat bolan 100-den gowrak adamyň ýogalandygyny ýazýar. Habarda hüjümleriň dowamynda 50-den gowrak adamyň agyr ýaralanandygy nygtalýar.
“Sabah” gazeti “Yslam dünýäsi ykdysadyýet üçin Stambulda jemlenşdi” söz başyly habarynda, MÜSİAD (Garaşsyz senagatçy we işewür adamlary jemgyýeti) 18-nji halkara işewürler maslahatynyň we sergisiniň açylandygyny mälim edýär. Gazet 103 ýurtdan 7 müň işewür adamynyň gatnaşmagyndaky serginiň ýekşenbe gününe çenli açyk boljakdygyny ýazýar.
“Watan” gazeti “Minutda 2, sahatda 129 jaý satyldy” söz başyly habarynda, Türkiýe boýunça ýaşaýyş jaý satuwlarynyň ýanwar-oktýabr aýlarynyň aralygyndaky döwürde 1 milliona golaýlandygyny nygtaýar. Gazet şoňa laýyklykda günde ortaça 3090, sagatda 129, minutda 2 jaýyň satylandygyny mälim edýär. Habarda ýaşaýyş jaý satuwlarynyň esasan Stambulda, Ankarada we İzmirde amala aşandygy nygtalýar.
“Hürriýet” gazety “Batyrgaý Tugçäniň” beýnisi öldi” söz başyly habarynda, Germaniýanyň Offenbaç şäherinde hüjüme sezewar bolan nemes gyzyny halas etmek islän mahaly hüjümçileriň özüni urmagy sebäpli reanimasiýa giren türk gyzy Tugçe Albaýragyň ýogalandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
Habarda lukmanlaryň gören ähli çärelerine garamazdan 22 ýaşly Tugçäniň halas edilip bilinmändigi, beýnisiniň durandygy, hossarlarynyň gyzlaryny halas etmek üçin Germaniýadaky ähli newrohirurglara ýüz tutandygy mälim edilýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar