Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 25.11.2014

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

205070
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 25.11.2014

“Hürriýet” gazeti “Putin Türkiýä geler” söz başyly habarynda, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşiniň 5-nji mejlisine gatnaşmak üçin 1-nji dekabrda Türkiýä geljekdigini ýazýar. Gazet 2010-njy ýylyň maý aýynda döredilen Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşiniň 5-nji mejlisiniň Prezident R.T.Erdogan bilen Putiniň ýolbaşçylyk etmeginde iki ýurduň degişli ministrleriniň gatnaşmagynda geçiriljekdigini mälim edýär. Habarda mejlisde Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň giňişleýin seljeriljekdigi we iki ýurdy gyzyklandyrýan esasy sebitleýin hem-de halkara meseleler barasynda pikir alyşyljakdygy nygtalýar.
“Star” gazeti “THÝ-niň täze ýüzi Prad Pitt” söz başyly habarynda, howa gatnawynda eýe bolan üstünligi bilen birlikde markanyň ilçisi hökmünde saýlap alýan adamlary we reklama filmleri bilen hem özüni tanadan Türk howaýollarynyň täze ýylda Golliwudyň meşhur ýyldyzy Brad Pitt bilen işleşjekdigini ýazýar. Gazet mundan ozal Golliwudyň ýyldyzlaryndan Kewin Kostner bilen işleşen THÝ-niň golaýda Barselona futbol komandasynyň meşhur oýunçysy Lionel Messi bilen reklama barasynda ylalaşandygyny ýatladýar.
“Ýeni Şafak” gazeti “Daşary ý urtlylar aýda 1500 öý alýar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Hasabat guramasynyň görkezijilerine laýyklykda ýanwar-oktýabr aýlarynyň aralygyndaky döwürde daşary ýurtlylara satylan ýaşaýyş jaýlarynyň geçen ýylyň degişli döwrüne görä 66 göterim artyp, 15417-ä ýetendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Şoňa laýyklykda daşary ýurtlylar aýda ortaça 1500-den gowrak jaý alypdyr.
“Star” gazeti “ASELSAN elektrik bilen işleýän awtomobile gönükdi” söz başyly habarynda, bar bolan Li-ion batareýa tehnologiýalary bilen 160 kilometr ýol geçýän ýeňil awtoulagyň kämilleşdiriljek täze tehnologiýa arkaly azyndan 800 kilometr ýol geçip biljekdigine ünsleri çekýär. Gazet ASELSAN-yn şol maksada laýyklykda dünýäniň esasy ylmy-barlag merkezine eýe bolan IBM bilen bilelikde taslama taýarlamak barasynda ylalaşandygyny ýazýar. Habarda öndüriljek metal-air batareýalarynyň azyndan 5 esse energiýa saklama özboluşlygyna eýe boljakdygy we elektrik bilen işeleýän ulaglaryň menzil meselesini dolulygyna çözjekdigi mälim edilýär.
“Akşam” gazeti “Milli komanda badmintonda we buz tansynda buýsandyrdy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň adyndan halkara derejesinde çykyş eden badminton we buz tansy boýunça çykyş eden milli türgenleriň başarjaňlyklary bilen ünsleri özünde jemländigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Finlandiýanyň paýtagty Helsinkide geçirilen badminton turnirinde bäsleşen türk türgenleriniň bürünç medal almagyň hötdesinden gelendigini ýazýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar