Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 24.11.2014

Dünýäniň we ýurduň gün tertiniň ileri tutuluýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar.

203214
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 24.11.2014

“Milliýet” gazeti “Türkiýe agza bolmasa hemmeler üçin zyýanly bolar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ÝB-ne agzalygyna güýçli goldaw berýän ýewropaly syýasatçylardan biri bolan Hannes Swabodanyň iki tarapyň güýçlenmek üçin biri-birine mätäçdigi garaýyşyna eýedigini ýazýar. Gazet Sabanjy adyndaky uniwersitetde geçirilen “Gepleşikleriň Aňyrsynda-Ýewropada Türkiýäniň Geljegi” temaly maslahatda çykyş eden Swabodanyň “Türkiýe agza bolmasa iki tarap hem zyýan çeker. Türkiýe we ÝB sebitdäki esasy syýasy güýçler hökmünde birleşmän halatynda bar bolan pursat sypdyrylar we geljekdäki pozisiýamyz ejizlär. Men elmydama gepleşiklere dowam edeliň, emma olardan daşgary hem gatnaşyklary ösdürjek başlangyçlar edeliň diýýärin” diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
“Akşam” gazeti “ABŞ-nyň Türkiýe baradaky beýanaty” söz başyly habarynda, Ak Tamdan ýokary derejeli ýolbaşçylardan birinin YSYS-a garşy göreşiň çäginde İnjirlik harby howa bazasynyň hyzmatdaş güýçler tarapyndan peýdalanylmagy barada türk tarapy bilen gepleşikleriň dowam edýändigini aýdandygyny mälim edýär. Habarda beýanat beren ýolbaşçynyň “Netijä tarap öňe barýandygymyzy aýtmak isleýärin, eger doly ylalaşyk gazanylan halatynda hyzmatdaş güýçler üçin Türkiýe giň mümkinçilikler döreder” diýen sözleri ýerleşdirilýär.
“Watan” gazeti “HPG hem gutlady hem duýduryş berdi” söz başyly habarynda, Halkara Pul Gaznasynyň Türkiýä baradaky Konsultatiw habarnamasyny çap edendigini ýazýar. Habarda türk ýolbaşçylarynyň ýylyň başynda başdan geçirilen maliýe durnuksyzlygyny üstünlikli dolandyrandyklary üçin gutlanýandygyny, dürli howplar we durmuşa geçirilýän makroykdysady syýasatyň ýeterlik däldigi barasynda duýduryş berilýändigi mälim edilýär.
“Sabah” gazeti “İşçiler esasan Yraga we Russiýa gidýär” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Zähmet guramasy tarapyndan daşary ýurtlara ugradylan işçileriň sanynyň 2000-nji ýylda 13645 adama barabardygyny, şol sanyň 2013-nji ýylda 55 müň 369 adama ýetendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet işçileriň ugradylan ýurtlary taýdan Russiýanyň 7652 adam bilen birinji ýerde durýandygyny, Yragyn bolsa 6592 işçi bilen ikinji ýerde durýandygyny nygtaýar. Gazagystana ugradylan işçileriň sany 1784 adama ýetipdir.
“Star” gazeti “Russell Krow: “Geliboluda garaşsyz halky basyp aldyk” söz başyly habarynda, Täze Zeklandiýada doglan awstraliýaly aktýor we režisýor Russell Krowyň Awstraliýadaky “Sewen Network” teleýaýlymynda Türkiýede düşürilen we 26-njy dekabrda görkezilmäge başlanjak “De Water Diwiner” atly filmi baradaky soraglara jogap berendigini ýazýar. Habarda Krowyň “Meniň pikirimçe 100 ýyldan soň şol mifologiýa düşündiriş bermegiň wagty geldi. Biz garaşsyz halky basyp aldyk we şol gazaply sözi hiç ulanmadyk” diýendigi mälim edilýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar