Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 23.10.2014

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

168033
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 23.10.2014

“Sabah” gazeti “Türkiýe bilen hyzmatdaşlyk güýçlendirilmeli” söz başyly habarynda, Berlin diwarynyň ýykylmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli Germaniýa baran ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri bilen bilelikde metbugat ýygnagyny geçiren Germaniýanyň daşary işler ministri Frank Walter Steinmeier Ýewropadan we ABŞ-dan Yraga hem-de Siriýa söweşmäge gitýänleriň öňüniň alynmagy üçin Amerika-Germaniýa bilen Germaniýa-Türkiýe howpsyzlyk güýçleriniň arasynda has ýygy hyzmatdaşlyk edilmelidigini aýdandygyny ýazýar.
“Ýeni Şafak” gazeti “Bosgunlara wagtlaýyn pasport” söz başyly habarynda, Türkiýä sygynan bosgunlara wagtlaýyn pasport beriljekdigini mälim edýär. Gazet şeýlelikde bosgunlaryň bilim, saglyk, sosial kömek ýaly hyzmatlardan has ýeňil peýdalanmaklarynyň üpjün ediljekdigine ünsleri çekýär. Habarda pasport bilen bosgunlara Türkiýede kanuny taýdan ýaşaýyş hukugynyň berilendigini, saglyk hyzmatlaryndan, iş üpjünçiliginden, sosial kömeklerden peýdalanmaklary üçin düzgünnama taýarlanandygy okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
“Haber Türk” gazeti “Rož tw üçin ýygnan pullaryny PKK ugradan 10 adam aklandy” söz başyly habarynda, Daniýada ýapylan Rož tw üçin ýygnalan 140 million Daniýa kronuny PKK ugradyp, terror guramasyny malilýeleşdirendikleri sebäpli kazyýet işine çekilen 10 adamyň aklanandygyna ünsleri çekýär. Kazy iki hepdäniň dowamynda garşylyk görkezmän halatynda kararyň güýje girjekdigi, garşylyk görkezilen halatynda bolsa işiň ýokarky kazyýetiň garamagyna hödürlenendigi mälim edilýär.
“Star” gazeti “Ministr Fikri Yşygyň ýerli ulag beýanaty” söz başyly habarynda, ylym, senagat we tehnologiýa ministri Fikri Yşygyň Türkiýede ýerli awtoulag öndürmek üçin iş alynyp barylýandygyny aýdandygyny ýazýar. Gazet ministr Yşygyn Germaniýanyň Frankfurt şäherinde geçirilen Türk-nemes innowasiýa maslahatyna gatnaşandygyny, maslahatda çykyş eden Fikriň Yşygyň “Elektrik togy bilen işleýän ulag öndürmek pursady ýüze çykdy. şol tehnologiýa utgaşyklygy ýola goýmak üçin geçiş döwri bar. Enşalla Türkiýe elektrik togy bilen işleýän ulag markasyny öndürer” diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
“Akşam” gazeti “Stambulyň Midwudy Golliwud bilen bäsleşer” söz başyly habarynda, Golliwuddan we Bolliwuddan soň dünýäniň üçünji kino-film platosynyň Stambulda açyljakdygyny mälim edýär. Gazet Žan Klod Wandamyň şärikligindäki firmanyň rekord goýjak filmleri Stambulyň Büýükçekmeje etrabynda “Midwud” atlandyryljak platoda surata aljakdygyny nygtaýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar