Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 18.10.2014

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

161760
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 18.10.2014


“Star” gazeti “Ministr Ýyldyz nebitiň bahasynyň aşakladyljakdygyny buşlady” söz başyly habarynda Energetika we tebigy serişdeler ministri Taner Ýyldyzyň beren beýanatyny okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.
Gazet ministr Ýyldyzyň “Çig nebitiň barrel bahasy häzir 86 dollara golaý, Nebitiň bahasy öz durkyny gorap saklanan haaltynda bu energetika pudagy we Türkiýäniň energetika girdejisi taýdan diýseň amatly bolar. Türkiýe bir ýylda 3,2 we 3,4 milliard dollara golaý girdeji gazanar”diýen sözlerine ünsi çekýär.


“Sabah” gazeti “Ýewropanyň uly maýa goýumlary gelýär” söz başyly habarynda merkezi Brýusselde ýerleşýän ÝB bilen Ýewropa Galkynyş gulluklary bileleşiginiň gatnaşmagyndaky Ýewropa maýa goýum we söwda guramasynyň Ýewropada ilkinji gezek geçiriljek Ýewropa maýa goýum forumy üçin Stambuly saýlap alandygyny ýazýar.

Gazet 2014-nji ýylyň dekabr aýynyň 15-16-sy aralygynda geçiriljek foruma Ýewropada iş alyp barýan iň uly firmalaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşjakdygyny ýatladýar.


“Ýeni Şafak" gazeti “Döwlet uly taslamalary höweslendirer” söz başyly habarynda hökümetiň orta möhletli maksatamasyna görä 2015-2017-nji ýyllary öz içine alýan döwürde döwlet eýeçiligindäki kärhanalar we hususy pudak tarapyndan taýalanan ykdysady we sosial infstruktura işlerine uly ähmiýet beriljekdigini habar berýär.
Gazet hökümetiň şol etapda taslamalaryň we maýa goýumlaryň höweslendirilmegi we gysga wagtda tamamlanmagy üçin uly tagalla etjekdigini belleýär.


“Milliýet” gazeti “Stambul-Ankara 6 lira” söz başyly habarynda Derindere dwigatelli ulaglar firmasynyň elektrik togy bilen işleýän täze ulag öndürmäge başlandygyny habar berýär.
Gazet täze elektrikli ulaglaryň 1,5 sagat zarýad alandan soň 400 kilometr ýoly geçip biljekdigini nygtaýar.
Gazet elektrik togy bilen işleýän ulag bilen Stambul bilen Ankaranyň arasyndaky ýolagçylyk üçin 6 liralyk elektrik togynyň sarp ediljekdigini ýatladýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar