Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 16.10.2014

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

159299
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 16.10.2014

“Akşam” gazeti “Siriýa serhedinde himiki ýarag duýduryşy” söz başyly habarynda, Siriýa serhedinde bikanun geçişleriň we kontrabandanyň güýçlenýän ýerlerinde berk gözegçiligiň ýola goýlandygyny, “iňňän gizlin” himiki hüjüm duýduryşynyň hem berilendigini ýazýar. Gazet duýduryşyň çäginde gümrük geçelgelerindäki “himiki” çäreleriň tutuş serhet zolagynda görülendigini, serhetçilere ýörite egin-eşikleriň we enjamlaryň paýlanandygyny habar berýär.
“Milliýet” gazeti “Ýyldyz: Russiýadan nyrhyň aşakladylmagyny isledik” söz başyly habarynda, energetika we tegibyg serişdeler ministri Taner Ýyldyzyň Russiýadan tebigy gazyň nyrhynyň arzanladylmagyny isländiklerini belläp: “Moskwada geçiren maslahatymyz we duşuşyklarymyz möhümdi. Biz bu islegi Russiýa bildirdik. Nyrhyň aşakladylmagy baradaky islegimiz we onuň şertnamalar bilen düzedilmeginiň 2015-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap Türkiýäniň oňa hakynyň bardygyny we degişli taýarlyklary görmeklerini beýan etdik” diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
“Sabah” gazeti “Türkiýäniň kararyny berjaý edeliň” söz başyly habarynda, Fransiýanyň Premýer ministri Manuel Wallsyň Fransiýanyň Türkiýäniň Siriýa serhedinde howpsyz zolagyň döredilmegi baradaky teklibini goldaýandyklaryny aýdandygyny mälim edýär. Mejlisde berilen soraga jogap beren Wallsyň “Fransiýa Türkiýe tarapyndan teklip edilşi ýaly ara zolak ýa-da howpsyz zolagyň döredilmegini goldaýar” diýen sözlerini çap edýär.
“Ýeni Şafak” gazeti “İlkinji ýerli milli tüpeň esgerleriň elinde” söz başyly habarynda, “Maşyn gurluşygy we himiki sernagaty” guramasynyň Kyrykkale welaýatyndaky ýarag zawodynda öndürilen Türkiýäniň ilkinji ýerli milli tüpeňiniň käbir desant goşunlaryna we ýörite güýçlere synag maksady bilen ulanmaga berilendigini mälim edýär. Gazet tüpeňleriň arasynda ýeňilli taýdan tapawutlanýan MPT 76-nyň 36 synagdan üstünlik bilen geçendigine ünsleri çekýär.
“Star” gazeti “Türk arassaçylyk markasy ebola uruş yglan etdi” söz başyly habarynda, türk firmalaryndan biri bolan “İnteko” tarapyndan öndürilen mikrop öldüriji “Biokidal Basiks Dezenfektanyň” bütin dünýä howp salýan ebola garşy uruş yglandygyny, önüme 3 aýyň dowamynda mikrop ýok etme özboluşlygy bilen söwda merkezlerinde we howa menzillerinde uly isleg bildirilýändigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar