Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 14.10.2014

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

156682
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 14.10.2014


“Radikal” gazetiniň internet saýtynda berlen “ÝB Kobanili bosgunlara kömek berer” söz başyly habarynda Ýewropa Bileleşigi komissiýasynyň YSYS terror guramasy tarapyndan guralýan hüjümler sebäpli Kobaniden gaçyp Türkiýä gelen bosgunlara ynsanperwer kömeginiň berilmegi barada karar kabul edendigini ýazýar.
Gazet ÝB Komissiýasy tarapyndan ýekşenbe güni berlen beýanatda Türkiýede iş alyp barýan ynsanperwer kömek guramalaryna 3,9 million ýewrolyk kömegiň beriljekdigine üns çekilendigini ýatladýar.
Gazet ÝB Komissiýasy tarapyndan beriljek pul kömeginiň bosgunlaryň agyz suwy, azyk we derman ýaly mätäçlikleriniň giderilmegi üçin ulanyljakdygyny belleýär.


“Sabah” gazeti “Din işleri gaznasy 7 materikde baýram şatlygyny başdan geçirtdi” söz başyly habarynda Türkiýäniň Din işleri gaznasynyň 70 ýurtda we 558 sebit bilen ýurduň içinde 174 welaýatda we etrapda gurban öldürendigini we halka paýlandygyny okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.
Gazet Din işleri gaznasynyň şol sanyň geçen ýyla görä 52 göterim ýokarlandygyna aýratyn ünsi çekendigini ýatladýar.


“Akşam” gazeti “ Türkiýe ýüz tanama ulgamy bilen 2020 Tokýo olimpiadalaryna dalaşgär” söz başyly habarynda gurluşyk, tekstil, azyk we hyzmat pudaklarynda dünýäniň çar tarapynda iş alyp barýan türk işewür adamlarynyň tehnalogiýa taýdan hem uly öňe gidişlik edendigini habar berýär.
Gazet bilim almak üçin Ýaponiýa giden işewür adamy Sadi Wuralyň ýüz tanama tehnalogiýa firmasy bilen dünýäde marka ýagdaýyna gelmek üçin uly tagalla edýändigini ýazýar.
Gazet “Ýüz tanama ulgamy üçin 2020 olimpiada oýunlaryna ýüz tutdyk” diýen Wuralyň NYST Amerika Standardizasýon merkezinde dünýä ikinjisi bolandyklaryna aýratyn ünsi çekendigini belleýär.


“Haber Türk” gazeti Awtomobil senagaty jemgyýetiniň sentýabr aýyndaky görkezijiler barada beýanat berendigini ýazýar.
Gazet awtomobil önümçiliginiň setýabr aýynda 4 göterim ýokarlandygyny we bir aýda 116 müň 281 ulagyň öndürlendigini belleýar.
Gazet eksportyň bolsa 8 göterim ýokarlandygyny we 83 müň 111 ulagyň eksport edilendigini nygtaýar.
Gazet awtomobil pudagynyň eksportynyň üstümizdäki ýylyň 9 aýlyk döwründe jemi 6 göterim ýokarlandygyny ýatladýar.


“Milliýet” gazeti “Fransiýada açyldy, nobatda Russiýa bar” söz başyly habarynda “Erkin senagatçylar we işewür adamlary jemgyýetiniň Fransiýanyň paýtagty Parižde wekilhana açandygyny ýazýar.
Gazet jemgyýetiň başlygy Nail Opagyň 60 ýurtda 155 wekilhana açdyk, Russiýanyň paýtagty Moskwa bilen Efiopiada wekilhana açmak üçin tagalla edýäris diýen sözlerini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar