Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 10.09.2014

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

120662
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 10.09.2014

“Radikal” gazetiniň internet saýty “Dawutogly howpsyzlyk boýunça maslahat geçirýär” söz başyly habarynda, Stambulda 10 işçiniň ýogalmagyndan soň işe girişen hökümetiň anna güni iş howpsyzlygy boýunça maslahat geçirjekdigini ýazýar. Habarda Türk-İş kärdeşler arkalaşygynyň başlygy Ergün Atalaýyň Premýer ministr Ahmet Dawutoglynyň, zähmet we sosial üpjünçilik ministri Faruk Çeligiň hem-de zähmetleşleriň kärdeşler arkalaşyklarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda anna güni zähmet howpsyzly boýunça ýokary derejeli maslahatyň geçiriljekdigini aýdandygy okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirilýär.
“Milliýet” gazeti “Heýgyl: Türkiýeden islegim bolmady” söz başyly habarynda ABŞ-nyň goranmak ministri Çak Heýgylyň Ankara guran saparynyň dowamynda Türkiýäniň Yrak-Damask Yslam Döwleti guramasyna garşy göreşde nähili pozisiýa eýelejekdigi barasynda oikir alyşandygyny ýazýar.
Gazet Amerikanyň “Wall Steet Journal” gazetine salgylanyp berýän habarynda Heýgylyň YDYD guramasynyň zamun alynan türkleriň bolmagy sebäpli Türkiýäniň pozisiýasyna düşünjelilik bilen çemeleşdi. Gazet Heýgylyň “Her bir ýurdun özüni çäklendirýän syýasy çäkleri bar. Oňa sarpa goýýarys. YDYD guramasy 49 adamy zamun alan bolsa ol türk liderleri üçin birinji ýerde durar” diýen sözlerine ünsi çekýär.
“Sabah” gazeti “Mehdi Eker: Et boýunça topar dörediler” söz başyly habarynda, azyk, ekerançylyk we maldarçylyk ministri Mehdi Ekeriň mal etinin düşýän gymmatynyň ýokarlamagynyň öňüni almak, ýerli etin hilini we mukdaryny artdyrmak üçin düýpli çäreleriň görüljekdigini aýdandygyny ýazýar. Gazet hems arp ediji hem-de öndüriji üçin bähbitli işleri durmuşa geçirjek toparyň döredilmegi barada netijä gelendiklerini aýdan Mehmet Ekeriň “Döredilen topar öndüriji we sarp ediji nyrhlarynyň arasynda emele gelýän zynjyryň halkalarynda, nirelerde nähili kynçylyklar bar, şolary anyklap degişli çäreleri görer” diýendigini nygtaýar.
“Star” gazeti “THÝ-nyn täze başlangyjy” söz başyly habarynda, Britaniýanyň “Daily Mail” gazetinde ýerleşdirilen habara laýyklykda Türk howaýollarynyň Barselonadan we Mançester Ýunaýtedden soň Çelsi komandasyna hem howandarlyk etjekdigini ýazýar.
“Ýeni Şafak” gazeti “Garabasan ýaly başladyk” söz başyly habarynda, EURO 2016-nyň Ýewropa boýunça seçip alyşynyň A toparynda orun alýan Türkiýäniň ilkinji bäsleşiginde İzlandiýadan 3-0 hasabynda ýeňilip, şowsyz başlangyç edendigini nygtaýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar