Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 13.07.2014

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

127958
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 13.07.2014

“Star” gazeti “Türkiýä Gaza sektory ylgady” söz başyly habarynda Ysraýylyň hüjümlerinden soň işe girişen Türkiýäniň palestinalylara kömek elini uzadandygyny ýazýar. Gazet Ministrler kabinetiniň ýanyndaky Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar edarasynyň Bütindünýä saglygy saklaýyş guramasynyň Palestina derman we saglyk enjamlary üçin 1,5 million dollar ugradandygyny habar berýär. Gazet Türk Hyzmatdaşlyk we utgaşdyryjy gullugy TİKA-nyn bolsa Gaza sektoryna 1 million dollarlyk gyssagly azyk we beýleki enjamlardan ybarat kömek ugratjakdygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
“Hürriýet” gazeti “Abbas gelýär” söz başyly habarynda Ysraýylyň Gaza sektoryna guraýan operasiýalaryndan soň Palestinanyň lideri Mahmud Abbasyň anna güni Türkiýä gelmeginiň meýilleşdirilýädigini mälim edýär. Gazet Prezident Abdylla Gülüň çakylygyna laýyklykda bir günlük iş sapary bilen geljek Abbasyň Premýer ministr Erdogan we daşary işler ministri Ahmet Dawutogly bilen duşuşmagynyň göz öňünde tutulýandygyny ýazýar.
“Ýeni Şafak” gazeti “Dartgynlyk möwjeýär” söz başyly habarynda Yrakda messepçilik syýasaty bilen sünnileri ýekirýän we ýurdy bölünmegiň bosagasyna elten Premýer ministr Nuri Al Malikiniň, indi kürtler bilen ylalaşmaýandygyna ünsi çekýär. 5 kürt ministriň Bagdatda geçirilen ministrler kabinetiniň mejlisine gatnaşmazlyk barasynda karar kabul edendigini nygtaýan gazet, Yrak Kürdistan Awtanomiýasynyň ýolbaşçysy Mesut Barzaniniň bolsa “İndi Malikiden başga premýer ministr gerek. Ýogsam Yrak dargar we bölüner” diýen sözlerini çap edýär.
“Sabah” gazeti “Suw astynda final taýarlygy” söz başyly habarynda şu gün agşam ünsleri özünde jemlejek Braziliýadaky dünýä kubogynyň finalynda, Germaniýanyň we Argentinanyň bäsleşjek final oýnunyň taýarlygynyň Filippinleriň paýtagty Maniladaky suw parkynda çümüjüler tarapyndan geçirilendigini ýazýar. Suw astyndaky finalyň 2-2 hasabynda tamamlanandygyny ýazýan gazet, oýuny uzaltmadyk çümüjileriň “dostluk üstün çyksyn” diýen sözlerine ünsleri çekýär.
“Hürriýet” gazeti “Sport bilen meşgullanýanlar has başarjaň” söz başyly habarynda ABŞ-nyň Mişigan uniwersitetinden alymlaryň uniwersitetiň ilkinji iki ýylynda sport zalyna agza bolan talyplaryň, agza bolmadyklara görä has ýokary derejeler bilen uçurym bolýandygyny anyklandyklaryny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar