Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 12.07.2014

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen baglanşykly habarlar gazetlerde giňişleýin ýer alýar

126715
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 12.07.2014


“Haber Türk” gazeti “Erdoganyň ýoly” söz başyly habarynda, Premýer ministr R. T. Erdoganyň prezident saýlawlary üçin saýlaw meýilnamasyny beýan edendigini ýazýar.
Gazet täze Türkiýe üçin Erdoganyň meýilnamasynyň esasy üç ýörelgesiniň demokratik syýasat, açyk jemgyýet we hukuk döwletidigini belleýär.
Habarda Erdoganyň maksatlarynyň arasynda Türkiýän dünýade öňbaşçy ýurtlaryň hatarynda ýer almagyny ýola goýmagyň bardygyna üns çekilýär.
“Ýeni Şafak” gazeti “Ysraýyla berk duýduryş” söz başyly habarynda Prezident Abdulla Gülüň Ysraýylyň Palestina garşy gury ýer hüjümlerini guramak üçin taýarlyk görýändigi sebäpli Ysraýyla duýduryş berendigini aýan edýär.
Gazet BMG-ny we halkara jemgyýetçiligini herekete geçmäge çagyran Abdulla Gülüň, Türkiýe bilen Ysraýylyň arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşmagy üçin ilkinji nobatda hüjümleriň bes edilmeginiň gerekdigine aýratyn ünsi çekendigini ýatladýar.
“Star” gazeti “19 ýyl soň ikinji hoşlaşyk” söz başyly habarynda adamzat pajygasynyň başdan geçirlen ýeri Srebrenisa gyrgynçylygynda ýogalan 175 bosniýalynyň jaýlanandygyny ýazýar.
Gazet 1994-nji ýylda serpleriň eden gyrgynçylygynda öldürlen bosniýalylaryň jynazasy üçin Potoçoride gubyrlaryň gazylandygyny, gurban bolanlaryň hossarlarynyň şehitler üçin doga edendigini belleýär.
Habarda Britaniýa bilen Germaniýanyň Srebrenisa gyrgynçylygy üçin bilelikde beýanat berendigi we Ýewropada soňky 10 ýyllyklarda deňi-taýy görülmedik gyrgynçylygyň başdan geçirlendigine we şuňa meňzeş wakanyň indi gaýtlanmagyna rugsat berilmeli däldigine ünsi çekendikleri nygtaldy.
“Sabah” gazeti Ortaýer deňzinde İspaniýa, Gresiýa, Malta, İtaliýa, Horwatiýa we Garadag ýaly ýurtlarda portlary dolandyrýan türk deňizçilik firmalarynyň ünsüniň İskandinaw ýurtlaryna gönügendigini ýazýar.
Gazet Şwesiýada birden iki port alan Ýyldyrym Holdingiň indi Norwegiýada hem iň uly portlardan birini alandygyny belleýär.
Habarda deňiz pudagynda uly öňe gidişlik eden türk deňizçilik firmalarynyň Afrika we Latyn Amerika ýurtlarynyň portlarynda iş alyp barmagy maksat edinýändigi nygtalýar.
“Watan” gazeti Kembriç gersogini Keýt Midltonyň aýal dogany Pippanyň Stambula geljekdigini we Bosfos bogazyny ýüzüp geçjekdigini ýazýar.
Gazet Pippanyň Ewerest dagynda ýogalan dagçy üçin gaznasyna pul ýygnamak maksat bilen Stambula gelip aýyň ahyrynda geçiriljek “Bosphorus Cross-Continental Race” e gatnaşjakdygyny we bogazda ýüzjekdigini belleýär.
Gazet Bosfor bogazyndaky ýüzme bäsleşiginiň 20-njy iýulda geçiriljekdigini ýatladýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar