Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 22.06.2014

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

103021
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 22.06.2014

“Sabah” gazeti “Erdogan Lionda çykyş etdi” söz başyly habarynda Ýewropaly Türk Demokratlar Bileleşiginiň 10 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabara gatnaşan müňlerçe türk raýatlaryna ýüzlenip çykyş eden Premýer ministr Erdoganyň ermeni meselesine ünsi çekendigini ýazýar. Gazet Erdoganyň “İçeri syýasatda meselelerden hyýanatçylykly peýdalanyp, ses almak üçin rasizme, ekstremizme, esasanda yslamafobiýa ýol bermegiň Ýewropa üçin, Ýewropanyň gymmatlyklary üçin howplydygyny birnäçe gezek beýan etdik” diýen sözlerini ýerleşdirýär.
“Ýeni Şafak” gazeti “Nebit çykarýan ýurt Türkiýeden benzin sorady” söz başyly habarynda energetika we tebigy serişdeler ministri Taner Ýyldyzyň Yrak-Damask Yslam Döwleti guramasy tarapyndan ele geçirilen Beýjiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodunda önümçiligiň bes edilmegi sebäpli Yragyň Türkiýeden benzin sorandygyny aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda ministr Ýyldyzyň “Şol isleg TÜPRAŞ tarapyndan kanagatlandyrylyp bilner. Emma onuň dalaşmagy, esasanda Habur gümrük geçelgesinde uzyn nobatlaryň emele gelmegine sebäp bolar. Onuň fiziki taýdan ýola goýulmagynyň kyn boljakdygyny aýtmak isleýärin” diýen sözlerine üns çekilýär.
“Milliýet” gazeti “Stambulda Bob Bilan ýeli ösdi” söz başyly habarynda meşhur amerikaly aýdyçy Bob Dilanyň Stambulda sahna çykyp, türk muşdaklary bilen duşuşandygyny mälim edýär. Gazet ömür beýany barasyndaky kitabynyň birinji tomunda özüniň tükdügini, enesiniň Trabzondan göçendigini, aslynyň Karz welaýatynyň Kagyzman etrabynda bolandygyny aýdan meşhur estrada ýyldyzynyň muşdaklaryna ýatdan çykmajak pursatlary başdan geçirdendigini ýazýar.
“Hürriýet” gazeti “Kümüş at baýraklary Strazburgda gowşuryldy” söz başyly habarynda Ýewropada 28 ýyldan bäri yslamafobiýa we rasizme garşy göreşýän Halkara deňlik, adalat we parahatçylyk geňeşiniň Fransiýanyň Strazburg şäherinde Halkara Kümüş at kino we aýdym-saz baýraklaryny eýelerine gowşurandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
“Sabah” gazeti “KAS Jüneýt Ýükseli aklady” söz başyly habarynda halakra Sport kazyýetiniň Türkiýäniň Atletizm federasiýasynyň Tertip-düzgün geňeşi tarapyndan 18 aý möhlet bilen bäsleşiklerden çetleşdirilen milli türgen Newin Ýanydyň türgenleşdirijisi Jüneýt Ýüksele berilen jezany aýyryp, delony geňeşe yzyna ugradandygyny ýazýar. KAS-yň bu kararyndan soň ünsleriň Türkiýäniň Atletizm Federasiýasynyň kabul eden beýleki kararlaryna gönügendigi nygtalýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar