Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 19.06.2014

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

100160
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 19.06.2014

“Ýeni Şafak” gazeti “Messep ody hemmeleri ýakar” söz başyly habarynda Prezident Abdulla Gülüň Siriýada we Yrakda başdan geçirilýän wakalaryn messep urşuna tarap ýönelmeginiň gynandyryjydygyny aýdandygyny ýazýar. Gazet Prezident Gülüň “Eger bir ot bar bolsa ol goňşulara-da tutaşar” diýen sözlerine ünsi çekýär.
Gazet başga bir habarynda Din işleri guramasynyň başlygy Mehmet Görmeziň messep urşuna tarap barýan Yrakdaky we Siriýadaky çaknyşyklar sebäpli parasatlylyk ýüzlenmesini çap edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda Mehmet Görkeziň “Hiç bir gurama musulman doganlygyny bozmaga niýetlenen tagallalara ýol bermeli däl” diýen sözleri ýerleşdirilýär.
“Hürriýet” gazeti “Samsun Ginese dalaşgär” söz başyly habarynda nemes firmasy “Siemensiň” Samsun welaýatynda täze dünýä rekorduny goýmaga taýarlyk görýändigini nygtaýar. Gazet “Siemensiň” guran 600 megawatlyk tebigy gaz bekediniň beket önjeýliligi boýunça dünýäde birinji ýeri eýelejekdigine ünsi çekýär. Şol rekordyň häzirki wagtda “Siemensiň” Germaniýanyň Mýunhen şäheriniň golaýyndaky İrsçing bekedine degişlidigini ýatladýan gazet, 561 megawat güýje eýe bolan İrsçing bekediniň 60,75 önjeýlilik mukdaryna eýedigini nygtaýar. Habarda Samsundaky bekediň ulanmaga berilenden soň 61 göterim önjeýlilige eýe bolmagyna we täze rekord goýmagyna garaşylýandygyna ünsleri çekýär.
“Star” gazeti “Hindistan Afýonyň mermerine uly isleg bildirýär” söz başyly habarynda Stambulda geçirilen “Tebigy daşlar sergisinde” hindi müşderileriniň Afýon welaýatynda öndürilýän mermerlere uly gyzyklanma bildirendiklerini ýazýar. Habarda “Tebigy daş sergisine” esasanda Ýewropa ýurtlaryndan ýokary gatnaşygyň bolandygy mälim edilýär.
“Akşam” gazeti “Nýu-Ýorkyň gahrymany Bodrumda” söz başyly habarynda Robert De Nironyň meşhur restorany Nobunyň Türkiýede şahamça açjakdygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet 7-nji Nobunyň Bodrumyň Ýalykawak etrapçasyndaky megaýaht portunda açyljakdygyny ýazýar.
“Milliýet” gazeti “323 million dollarlyk sanawda ýeke-täk türk Özil” söz başyly habarynda Braziliýadaky dünýä kubogynda oýnaýan futbolçylaryň arasynda iň köp gazanýan oýunçynyň 80 million dollar bilen portugaliýaly Kristiano Ronaldodygyny nygtaýar. Ronaldonyň başda durýan sanawyndaky 10 futbolçynyň jemi gazanjynyň 323 million dollara barabardygyny ýazýan gazet, nemes milli ýygyndy komandasynda oýnaýan türk futbolçysy Mesut Öziliň 18,5 million dollarlyk gazanjy bilen sanawda 10-njy ýeri eýeleýändigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar