Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 18.06.2014

Dünýäniň we ýurduň gün tertibindäki aktual meseleler bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

99042
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 18.06.2014

“Star” gazeti “ÝB-den azyndan iki barlag-seljeriş ugrunyň açylmagyna garaşýarys” söz başyly habarynda ÝB ministri Mewlüt Çawuşoglunyň ÝB-niň Türkiýä bolan çemeleşmesiniň oňyn, adalatly hem-de netijä gönükmegine garaşýandyklaryny aýdandygyny ýazýar. Gazet ministri Çawuşoglunyň “ÝB-ne doly agzalyk ugrunda edýän başlangyçlarymyzyň ýerine düşmegi hem bizin hem-de ÝB üçin möhüm” diýen sözlerine ünsi çekýär.
“Haber Türk” gazeti “Türk esgeriniň täze ýaragy: MPT-76” söz başyly habarynda Türk ýaragly güýçleriniň pyýada goşun üçin ilkinji ýerli tüpeňini öndürendigini mälim edýär. Gazet ady “Milli pyýada tüpeňiniň gysgaldylan görnüşinden we 7,62 millimetr göwrüminden gelip çykýan “MPT-76” tüpeňleriniň 200 sany ilkinji böleginiň guryýer goşunlaryna gowşurylandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda yzgiderli önümçilige başlanmagyndan soň geljek ýyldan başlap G-3 milli tüpeňleriniň ýerine “MPT-76” tüpeňiniň ulanylmaga başlajakdygy nygtalýar.
“Watan” gazeti “Dewa Ýewropanyň iň uly maýa goýumyny goýdy” söz başyly habarynda “Dewa Holding” firmalar toplumynyň täze ingalýator derman önümçilik desgasynyň Tekirdagda ulanylmaga berilendigini ýazýar. Habarda desgada demgysma we öýken hassalyklarynyň bejergisinde peýdalanyljak dermanlaryň öndüriljekdigi mälim edilýär. Gazet fabrigiň Ýewropanyň soňky 10 ýyldaky iň uly farmasotik goýumydygyna ünsi çekýär.
“Hürriýet” gazeti “Şäherçäni ýok etdi” söz başyly habarnda ABŞ-nyň Nebraska ştatyny ýer bilen ýegsan eden tüweleýiň şäherçede uruş meýdanyny ýada salýan ýitginiň çekilmegine sebäp bolandygyny ýazýar. Gazet adam pidalaryna sebäp bolan tebigy apadyň 370 binanyň ýykylmagyna sebäp bolandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
“Milliýet” gazeti “40 ýyl soň ilkinji jürlewik” söz başyly habarynda dünýä kubogynyň taryhynda Dogan Babajanyň 1974-nji ýylda gönükdiren bäsleşiginden soň ilkinji gezek türk emini Jüneýt Çakyryň düýn Braziliýa-Meksika bäsleşigini üstünlik bilen gönükdirendigini ýazýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar