Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 11.06.2014

Dünýänin we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

90802
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 11.06.2014

“Hürriýet” gazeti “Türk ykdysadyýeti garaşylýanyndan ýokarda ösdi” söz başyly habarynda Türkiýäniň Hasabat guramasy Türkiýäniň ykdysadyýetiniň 2014-nji ýylyň birinji çärýeginde 4,3 göterim ösüş edendigini habar berdi. Ýylyň birinji çärýeginde eksportyň we döwlet çykdajylarynyň çaltlyk bilen artmagy ünsi çekdi. Eksportyň birinji çärýekde 11,4 göterim artmagy ösüşde-de 4 göterimlik çaklamadan ýokary geçilmegine sebäp boldy.
“Ýeni şafak” gazeti “İçerki uruşdan gaçýanlar Türkiýä gelýärler” söz başyly habarynda Rus tarapdarlary bilen hökümete degişli güýçleriň arasyndaky çaknyşyklar sebäpli Ukraianyň Donetsk şäherinde işleýän 10 türküň işleri sebäpli ol ýerden gaýdyp bilmeýändiklerini, emma maşgala agzalarynyň howpsyz bolmagyny isleýändiklerini mälim edendigini ýazýar.
“Akşam” gazeti “8 millionlyk Çal gowagyndan adamyň siluedi tapyldy” söz başyly habarynda Trabzon welaýatynda dünýäde ululyk taýdan ikinji ýerde durýan Çal gowagynda gaýalardan biriniň içinden adamyň siluediniň çykarylandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. 8 million ýylda emele gelendigi çak edilýän gowagyň içinden tapylan adamyň ýüzüniň burny, agzy, äňi we gözi doly görülýär. Şol siluediň irki döwürlerde başga medeniýetler tarapyndan gaýa çekilip çekilmändigi ýa-da öz-özünden eleme gelendigi barasynda gözleg işleri geçiriler.
“Sabah” gazeti “Öýjüge garaşýanlara buşluk” söz başyly habarynda Türk Ýarym gyzylaý we saglygy goraýyş ministrligi tarapyndan durmuşa geçirilen “TÜRKKÖK” taslamasynyň çäginde Ýarym gyzylaý jemgyýetiniň donorlaryndan alynjak 4,5 million donorlyk data bazasynyň öýjüge garaşýanlar üçin umyt döretmegine garaşylýandygyny ýazýar.
“Sabah” gazetinde çap edilen “2014-nji ýylda FİFA-nyň Bütindünýä kubogynda iň gymmat komanda İspaniýa” söz başyly habarynda “Transfermarkt” saýtynda ýerleşdirilen görkezijilere görä kubogyň iň saýlamalarynyň hatarynda görkezilýän we Wisent Del Boskueniň türgenleşdirijiligindäki ispan komandasy 622 million ýewrolyk bazar nyrhy bilen turniriň iň gymmat komandasy özboluşlygyna eýedigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar