Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 08.06.2014

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

86953
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 08.06.2014

“Hürriýet” gazeti “Dünýäniň iň uly howa menziliniň gurluşygyna Stambulda badalga berildi” söz başyly habarynda “Türkiýäniň taryhyndaky iň uly taslamalaryndan biri boljak howa menzili 76,5 inedördül metr meýdana gurulýar. 6 sany garaşsyz uçuş-gonuş meýdany we 70 müň ulaglyk duralgasy bilen birlikde esasy özboluşlygy 150 million ýolagçy üçin niýetlenmegi” diýip ýazýar.
“Milliýet” gazeti “Eýran bilen gatnaşyklarda täze başlangyç” söz başyly habarynda Türkite bilen Eýranyň arasynda soňky döwürde ösýän gatnaşyklaryň çäginde bir başlangyç ediljekdigini nygtaýar. Gazet Türkiýe-Eýran Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşiniň birinji maslahatynyň Premýer ministr R.T.Erdogan bilen Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň ýolbaşçylyk etmeginde geçiriljekdigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
“Ýeni Şafak” gazeti “Gazak goşunyna ASELSAN-yň goldawy” söz başyly habarynda “ASELSAN-yň” Gazagystandaky şärigi “Gazagystan ASELSAN Engineering” firmasynyň gijeki görüş enjamynyň öndürilmegi üçin Gazagystanyň goranmak ministrligi we Gazagystanyň serhet howpsyzlygy serkerdeligi bilen şertnama bagalandygyny mälim edýär. Habarda “Gazagystan ASELSAN Engineering” firmasynyň Gazagystanyň senagat ministrliginden gijeki görüş emjanlarynyň we termal görüş ulgamlarynyň öndürilmegi hem-de Gazagystanda satuwy üçin lisenziýa alynandygy ýatladylýar.
“Haber Türk” gazeti “Türk aktrisasy Brodwaýyň sahnasynda” söz başyly habarynda ýaş aktrisa Esin Waranyň Amerikada Brodwaý sahnasynda dünýä meşhur serialda oýnajakdygyny mälim edýär. Gazet Türkiýede syýasaty öwreniş bölümini tamamlan, emma aktrisa bolmak üçin Amerika giden Esin Waranyň ukyby bilen Brodwaýda özüni tanatmagyň hötdesinden gelendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
“Sabah” gazeti Kahramanmaraş welaýatynyň Uludaz depesine göçýän mahalynda hamala diýersiňiz wizual şou görkezen tomzaklaryň goraghananyň işgärleri tarapyndan gorag astyna alynandygyny ýazýar.
Fotosuratçylar tarapyndan tötänleý görülen 50 million tomzak, goralmaklary we syýahatçylyk potensialyna goşant goşmaklary üçin Tebigaty goraýyş we Milli seýilgähler sebitler müdirligi tarapyndan goralar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar