Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 04.06.2014

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen baglanşykly habarlar gazetlerde giňişleýin ýer alýar

82721
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 04.06.2014

“Hürriýet” gazeti “Doganlyk duşuşygy” söz başyly habarynda Prezident Abdulla Gülüň Ankara gelen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Almazbek Atambaýewi Çankaýa köşgünde myhman alandygyny ýazýar.
Gazet Prezident Abdulla Gülüň Çankaýa köşgünde ilki Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşandygyny belleýär.
Gazet Prezident Gülüň kärdeşi Berdimuhamedowyň hormatyna resmi agşam naharyny berendigini we Berdimuhamedowyň naharda Abdulla Güle “Halkara Magtymguly Pyragy” nyşanyny gowşurandygyny nygtaýar.
Gazet Prezident Abdulla Gülüň Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Atambaýew bilen bolan özara duşuşygyndan soň Çankaýa köşgünde Wise-premýer Ali Babajan we Daşary işler ministri Ahmet Dawutogly bilen birlikde günorta naharyny iýendigini ýatladýar.
“Akşam” gazeti “Ankarada diplomatik hereketlilik” söz başyly habarynda Türkiýäniň her gün diýen ýaly daşary ýurtly birnäçe adamy myhman alýandygyny okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.
Ankaranyň düýn uly rekord goýandygyna ünsi çekýän gazet 7 ýurtdan we halkara guramadan ýokary derejeli ýolbaşçylaryň Türkiýede saparda bolandygyny belleýär.
“Ýeni Şafak” gazeti “Masgaraçylyk” söz başyly habarynda BMG-nyň we günbatarly ýurtlaryň görkezen garşylygyna garamazdan Siriýada geçirlen saýlawyň “masgaraçylyk” bolandygyny we ýurtda üç ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän meseläni çözüp bilmejekdigine aýratyn ünsi çekendigini ýazýar.
Gazet NATO-nyň Baş sekretary Anders Fog Rasmusseniň “masgaraçylyk” hökmünde atlandyrlan saýlawyň hiçbir halkara kadalara laýyk gelmeýändigini nygtap “Saýlawlar erkin, aç-açan we adalatly däl. Hyzmatdaşlarymyzyň hiç biri saýlawyň netijesini ykrar etmez” diýendigini nygtaýar.
“Sabah” gazeti “102 ýurtdan 7 müň işewür adamy gelýär” söz başyly habarynda Garaşsyz senagatçylar we işewür adamlary jemgyýeti tarapyndan 2 ýyldan bir gezek geçirilýän Halkara Söwda we işewür adamlary maslahatyna şu ýyl 102 ýurtdan 7 müň işewür adamasynyň gatnaşjakdygyny aýan edýär.
Gazet jemgyýetiň başlygy Nail Olpagyň 2014-nji ýylyň noýabr aýynyň 26-30-y aralygynda JNR ýarmarka merkezinde 15-njisi geçiriljek ýarmarkanyň şol bir wagtda “Global finans ulgamyna garaýyş we täze ugurlar” temaly 18-nji Halkara işewür adamlary maslahatyna hem ýer eýeçiligini etjekdigi hakyndaky sözlerine ýer berýär.
“Milliýet” gazeti “THÝ Monreale uçýar” söz başyly habarynda Türk Howa Ýollarynyň Demirgazyk Afrikadaky 10-njy nokadynyň Kanadanyň Monreal şäheridigini aýan edýär.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar