Ýaşar Güler, Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew Tarapyndan Kabul Edildi

Güler, Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky harby hyzmatdaşlyk hakynda maglumat berdi.

2029647
Ýaşar Güler, Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew Tarapyndan Kabul Edildi

 

Milli Goranmak ministri Ýaşar Güler, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew tarapyndan kabul edildi.

Resmi sapar bilen Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwa giden Milli Goranmak ministri Ýaşar Güler, saparyny dowam etdirýär.

Ministr Güler resmi saparynyň çäginde Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew tarapyndan kabul edildi.

Güler, kabul edilşikde Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky harby hyzmatdaşlyk we goranyş senagaty boýunça edilýän gatnaşyklar hakynda maglumat berdi.

Kabul edilşige, Azerbaýjanyň Goranmak ministri goşun generaly Zakir Hasanow hem gatnaşdy.



Degişli Habarlar