ANKA Gazagystanda synagdan geçirilmäge başlandy

TUSAŞ kärhanasy tarapyndan öndürilen uçarmansyz howa ulagy ANKA Gazagystanda synagdan geçirilmäge başlandy

2016425
ANKA Gazagystanda synagdan geçirilmäge başlandy

ANKA-nyň synaglary Gazagystanyň Jambul welaýatyndaky ýörite tälim merkezinde geçirilýär. 

Gazagystanyň harby birikmeleriniň uçuş we inženerçilik işgärleri tarapyndan amala aşyrylýan synaglara TUSAŞ-yň wekilleri hem gatnaşýar. 

ANKA-nyň harby operasiýa synagy bolsa 2024-nji ýylyň mart aýynyň ortasyna çenli dowam eder. 

Synaglar üstünlikli geçen halatynda ANKA Gazagystanyň goşunynyň inwentaryna goşular. 


Etiketkalar: #synag , #ANKA , #Gazagystan

Degişli Habarlar