Kubanyçbek Omuraliýew Azerbaýjany Garaşsyzlygy bilen gutlady

Türki Döwletler Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýew Azerbaýjanda 1918-nji ýylyň 28-nji maýynda yglan edilen Garaşsyzlygyň 105-nji ýyly bilen gutlady

1991931
Kubanyçbek Omuraliýew Azerbaýjany Garaşsyzlygy bilen gutlady

Türki Döwletler Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýew beren ýazmaça beýanatynda, Azerbaýjanyň 1918-nji ýylda Garaşsyzlygyny yglan etmeginiň türk we yslam dünýäsinde ilkinji demokratik Respublikanyň esaslandyrylmagy taýdan ähmiýetini nygtap geçip: "Garaşsyzlygyna ýaňadandan eýe bolmagyndan bäri syýasy, ykdysady we sosial ugurlarda uly özgerişlikler eden Azerbaýjan respublikasy, Hormatly Prezident Ilham Aliýewiň sebitde we sebitden daşary parahatçylygyň, durnuklylygyň we asudalygyň üpjün edilmegi bilen bagly rasional we yzygiderli syýasatlary saýasynda has hem özgerdi we möhüm bir aktýor ýagdaýyna geldi. Pursatdan peýdalanyp Azerbaýjan Respublikasynyň Türki Döwletleriň Guramasyna berýän yzygiderli goldawy üçin minnetdarlyk bildirýärin, Azerbaýjanyň ähli halkyna parahatçylyk we bagtyýarlyk arzuw edýärin" diýip belledi. 



Degişli Habarlar