“Türk Dünýäsi Geosyýasy Taýdan Halkara Merkeze Öwrüldi”

Çawuşogly, Stambulda 11 aý ozal tahyry başlangyç edilip “maşgala geňeşini” halkara gurama öwürendiklerini ýatlatdy.

1893787
“Türk Dünýäsi Geosyýasy Taýdan Halkara Merkeze Öwrüldi”

Türk Döwletleri guramasyna agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleri geňeşiniň maslahaty Stambulda Dolmabahçe köşgünde geçirilýär.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly maslahatyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda “Sebitimizi durnuklylyk adasyna öwürmegiň we halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagynyň ýoly jebisligimizi güýçlendirmekden geçýär” diýdi.

Çawuşogly, Stambulda 11 aý ozal tahyry başlangyç edilip “maşgala geňeşini” halkara gurama öwürendiklerini ýatlatdy.

Ministr Çawuşogly, “Şu günki günde Türk Dünýäsi, edil taryhda bolşy ýaly geosyýasy taýdan halkara merkeze öwrüldi. Energetika, söwda we transport liniýasynda gündogar bilen günbatary, demirgazyk bilen günortany birleşdirýäris. Dünýäniň başdan geçirýän ynjyk döwründe, halkara durnuklylyk we parahatçylyk üçin Türk Dünýäsiniň ähmiýeti has-da artdy” diýdi.

Kowid-19 epidemiýasynyň ýaramaz täsirleriniň dowam edýän günlerinde bu gezek Ukraina söweşi sebäpli uly synagdan geçýändiklerini nygtan Çawuşogly, halkara parahatçylygyň we durnuklylygyň howp astyndaydygyny, energetikanyň we azyk önümleriniň nyrhynyň hem dünýä ýurtlaryna wehim salýandygyny belledi.

Çawuşogly, başdan geçirilýän soňky wakalaryň Türk Dünýäsine hem ýaramaz täsirini ýetirýändigini nygtady.

Samarkand şäherinde geljek aý Türk Döwletleri Guramasynyň liderler maslahatynyň geçiriljekdigini ýatladan Çawuşogly, şol maslahatda Türk Döwletleri guramasyna agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleri geňeşiniň döwürleýin ýolbaşçylygyny Özbegistana tabşyrjakdyklaryny belledi.

 



Degişli Habarlar