IV Bütindünýä Çarwa oýunlary Iznikde geçiriler

Türki Döwletler Guramasynyň Döwlet baştutanlarynyň çagyrylan  IV Bütindünýä Çarwa oýunlaryna, Prezident Rejep Taýýip Erdogan hem gatnaşar

1874438
IV Bütindünýä Çarwa oýunlary Iznikde geçiriler

Bütindünýä Etnospor konfederasiýasynyň başlygy Bilal Erdogan, Türkiýäniň ýer eýeçilik etmeginde 29-njy sentýabr-2-nji oktýabr aralygynda Bursa welaýatynyň Iznik etrabynda geçiriljek IV Bütindünýä Çarwa oýunlarynyň örän üstünlikli sport çäresi boljakdygyny habar berdi. 

Bilal Erdogan ilkinji gezek 2014-nji ýylda geçirilen Bütindünýä Çarwa oýunlarynyň Türki Döwletler Guramasynyň Döwlet baştutanlarynyň derejesinde karar alynan spordyň milli görnüşleriniň dünýädäki iň gadymy çäresidigini beýan etdi. 

Bütindünýä Çarwa oýunlarynyň Gyrgyzystanda Yssyk kölüň kenarynda geçirilendigini ýatladan Bilal Erdogan: "Bular ýaly görnüşli köllere däp-dessurlarymyzda aýratyn ähmiýet berýäris. Iznikiň basylyp alynmagynda Orhan Gaziniň goşunynyň düzüminde Gyrgyzystandan söweşe kömek bermek maksady bilen gelen mujahitleriň, şehitleriň bolandygyny bilýäris. Iznikde şu günki gün hem olary ýatladan Gyrgyzlar aramgähi bar. Oýunlar bilen Iznik bilen Yssyk köliň, Anadoly bilen Gyrgyzystanyň arasynda baglanşygyň goralandygyny ýatladarys. Iznik müňlerçe ýyllyk taryha eýe bolan, ençeme medeniýetiň merkezi bolan bir ýerdir" diýip habar berdi. 

Türki Döwletler Guramasynyň Döwlet baştutanlarynyň çagyrylan  IV Bütindünýä Çarwa oýunlaryna, Prezident Rejep Taýýip Erdogan hem gatnaşar. 



Degişli Habarlar