Azerbaýjanyň Prezidenti ÝB Geňeşiniň başlygy bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew ÝB Geňeşiniň başlygy Şarl Mişel bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1851742
Azerbaýjanyň Prezidenti ÝB Geňeşiniň başlygy bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Azerbaýjanyň Prezidentliginden berilen beýanata görä, Aliýew Mişeliň başlangyjy we gatnaşmagy esasynda geçirilen üçtaraplaýyn maslahaty we şol çäkde gazanylan ylalaşyklary ýatladyp, Ermenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşmagy, parahatçylyk ylalaşygana gol çekilmegi, serhetleriň kesgitlenmegi we transport liniýalarynyň açylmagy ugrundaky gepleşiklerden anyk netijeleriň alynjakdygy baradaky meselelerden umytlydygyny beýan etdi. 

Ilham Aliýew basyp alyşlykdan azat edilen topraklarda Azerbaýjanyň sezewar galan giň gerimli mina meselelerine ünsleri çekip, 1-nji Garabag söweşinden bäri dereksiz ýiten takmynan 4 müň Azerbaýjanlynyň ykbalynyň Ermenistan tarapyndan aýan edilmeginiň gerekdigini habar berdi. 

ÝB Geňeşiniň başlygy Şarl Mişel hem Günorta Kawkazda asudalygyň, parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmeginiň ÝB üçin möhümdigini aýan etdi. 



Degişli Habarlar