Ermenistan Tarapyndan Azerbaýjanyň Pozisiýalaryna Ot Açyldy

Azerbaýjanyň harby goşunlarynyň hüjüme degişli gaýtawuly görkezendigi bellenildi.

1837191
Ermenistan Tarapyndan Azerbaýjanyň Pozisiýalaryna Ot Açyldy

Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, düýn gije Kelbejer welaýatynyň Zeýlik we Ýellije obalaryndaky Azerbaýjanyň pozisiýalaryna ermeni esgerleri tarapyndan ot açylandygy nygtaldy.

Beýannamada Azerbaýjanyň harby goşunlarynyň hüjüme degişli gaýtawuly görkezendigi bellenildi.

Beýannamada, ermeni esgerleri bilen bolan çaknyşykda hiç hili ýitgi çekilmändigi nygtaldy.

 



Degişli Habarlar