Gyrgyzstanda Baýraktar TB2 Üçin Wideo-Klip Taýýarlandy

Gyrgyzstanda türgenleşikde ilkinji gezek ulanylan “Baýraktar TB2” uçarmansyz howa ulaglary üçin ýörite wideo klip taýýarlandy.

1805560
Gyrgyzstanda Baýraktar TB2 Üçin Wideo-Klip Taýýarlandy

Gyrgyzstanyň Prezidentiniň Metbugat merkeziniň taýýarlan klibi ýurduň Yssykköl welaýatynyň Balykçy şäherinde Edelweýis harby tälim meýdanynda “Galkan-2022” ýörite taktiki türgenleşikde çekilen wideo ýazgylardan ybarat.

“Baýraktar TB2-niň” ýerleşýän hangarynyn gapylarynyň esgerler tarapyndan açylmagy bilen başlaýan 3 minutlyk wideo klipde ÝUHU-nyň uçuşa taýýarlanylyşy, uçuş meýdançasyndan baryşy we nyşanany uruşy görkezilýär.

Klipde türgenleşig “Serkerdebaşy” hökmünde syn eden Prezident Sadyr Žaparowyň “Baýraktar TB2” ÝUHU-larynyň uran nyşanasyny baryp görmegi bilen bagly detallara-da orun berilýär.

Klip Žaparowyň “Watanymyzda parahatçylyk bolsun! Watany goraýan her bir esgere jan saglygyny we ygtyýar arzuw edýarin” diýen sözleri bilen gutarýar.



Degişli Habarlar