Prezident Erdogan Özbegistana gitdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Özbegistanyň Prezidenti Şewket Mirziýoýewiň resmi çakylygyna laýyklykda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherine gitdi

1803630
Prezident Erdogan Özbegistana gitdi

Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň saparynyň çäginde Türkiýe-Özbegistan Ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk geňeşiniň 2-nji maslahatynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. 

Daşkentde geçiriljek maslahatda strategik hyzmatdaş derejesindäki Türkiýe-Özbegistan gatnaşyklary ählitaraplaýyn gözden geçiriler, iki ýurdyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has hem berkidilmegi üçin edilip bilinjek ädimler ara alynyp maslahatlaşylar. 

2018-nji ýylda döredilen Türkiýe-Özbegistan Ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk geňeşiniň ilkinji maslahaty 2020-nji ýylda Türkiýäniň paýtagty Ankara şäherinde geçirilipdi. 



Degişli Habarlar