Ilham Aliýew, Baýkar Firmasynyň Ýolbaşçylaryny Kabul Etdi

“Içgin kabul edilşik sebäpli Azerbaýjanyň Prezidenti İlham Aliýewe minnetdarlyk bildirýäris. Ýeňiş gazananlar sabyredenlerdir”

1776312
Ilham Aliýew, Baýkar Firmasynyň Ýolbaşçylaryny Kabul Etdi

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Baýkar firmasynyň Baş müdüri Haluk Baýraktar bilen Baýkar Tehnalogiýanyň lideri Selçuk Baýraktary kabul etdi.

Haluk Baýraktar bilen Selçuk Baýraktar maý aýynyň 26-29-y aralygynda geçirilmegi meýilleşdirilýän TEKNOFEST Azerbaýjanyň tanyşdyrylyş maslahatyna gatnaşmak üçin Azerbaýjana gitdi.

Haluk Baýraktar bilen Selçuk Baýraktar iş saparynyň çäginde paýtagt Bakuda Prezident Ilham Aliýew tarapyndan kabul edildi.

Selçuk Baýraktar Twitterden beren habarnamasynda “Içgin kabul edilşik sebäpli Azerbaýjanyň Prezidenti İlham Aliýewe minnetdarlyk bildirýäris. Ýeňiş gazananlar sabyredenlerdir” diýdi.

Haluk Baýraktar bilen Selçuk Baýraktar, saparynyň çäginde Ermenistana garşy gazanylan Garabag ýeňişinde ele geçirlen harby ulaglaryň sergilenýän ýeri bolan Oljalar seýilgähine hem baryp gördi.



Degişli Habarlar