Ermeni esgerleri Azerbaýjanyň Harby Pozisiýalaryna Od Açdy
Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi ermeni goşunlarynyň harby bölümleriniň serhetdäki Azerbaýjana degişli pozisiýalara od açandygyny habar berdi.
1776260
Ministrligiň beýanatynda Kelbejer welaýatynyň Zeýlik obasynyň golaýyndaky harby pozisiýalar düýn ýerli wagt boýunça sagat 22:00-dan başlap Basargeçer welaýatynyň Ýokary Şorja obasyndaky ermeni pozisiýalaryndan birnäçe sagadyň dowamynda od açylandygy habar berildi.
Azerbaýjanyň goşunlarynyň garşy tarapyň meçew beriji synanşygynyň öňüni almak üçin gaýtawul görkezendigi beýan edilip, sebitdäki şertlerin Azerbaýjanyň harby bölümleriniň gözegçiligindedigi nygtaldy.
Degişli Habarlar
Erdogan Azerbaýjanly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Erdogan bilen Aliýew Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky özara gatnaşyklar hakynda pikir alyşdy