Türki Dilli Döwletleriň Maslahatynda Taryhy Kararlar Kabul Ediler

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Türki dilli döwletleriň Hyzmatdaşlyk geňeşiniň 8-nji sammitinde  taryhy kararlaryň kabul ediljekdigini aýtdy.

1732675
Türki Dilli Döwletleriň Maslahatynda Taryhy Kararlar Kabul Ediler

Çawuşogly: “Maşgala mejlisimizin adyny “Türk döwletleriniň guramasy” hökmünde üýtgedýäris” diýdi.

Ministr Çawuşogly Stambulda geçirilen Türki dilli döwletleriň geňeşiniň Daşary işler ministrleriniň derejesindäki maslahatynda çykyş etdi. Türk dünýäsiniň bilelikdäki guramasynyň indi global maska öwrülendigini aýdan Çawuşogly: “Bu üstünlik biziň ählimize degişli. İndi bolsa özgerdýän dünýä utgaşyklykda biz hem möhüm özgerlişigiň bosagasynda durus. Biz şol bir taryhy geçmişde gözbaş alýan beýik çynaryň şahalary. Kökümizi ýatdan çykarman, jebisligimizi berçinleşdirdigimiz saýyn halkara güýjümizem artdyrarys” diýdi.

Çawuşogly ata ýurdy bolan Aziýanyň dünýä syýasatynda güýç merkezine öwrülendigini, Türk geňeşiniň ähmiýetiniň we jogapkärçiliginiň artandygyny nygtady.

Ertir geçiriljek sammitde taryhy kararlaryň kabul ediljekdigini aýdan Çawuşogly; “İlki bilen şu ýyl doganlyk Türkmenistanyň synçy derejesinde gatnaşygy bilen maşgala fotosuratymyz tamam bolýar. Hormatly doğanym Raşid Meredowa ýüzlenip Türkmenistana hoş geldiniz diýesim gelýär. İkinjiden maşgala mejlisimizin adymy “Türk döwletleri guramasy” hökmünde özgerdýäris” diýdi.

Üçünjiden Aksakallar geňeşiniň seljedrilen düzgünnamasyny kabul ederis. Medeniýetimizde atanyn sözi kynçylyga sezewar bolanymyzda bize elmydama ýol görkeziji bolýar. Aksakallarymyz tejribeleri bilen ýolumyza şöhle saçar” diýdi.

 



Degişli Habarlar