Ilham Aliýew Türk Harby Wekiliýetini Kabul Etdi

Hulusi Akaryň ýolbaşçylygyndaky türk harby wekiliýeti Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew tarapyndan kabul edildi.

1730896
Ilham Aliýew Türk Harby Wekiliýetini Kabul Etdi

8-nji noýabr Ýeňiş gününe bagyşlanan çärelere gatnaşmak üçin Azerbaýjana giden Milli Goranmak ministri Hulusi Akaryň ýolbaşçylygyndaky türk harby wekiliýeti iş saparyny dowam etdirýär.

Ir ertir Şuşa giden Hulusi Akaryň ýolbaşçylygyndaky türk harby wekiliýeti Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew tarapyndan kabul edildi.

Kabul edilşige Azerbaýjanyň Goranmak ministri Zakir Hasanow hem gatnaşdy.

Milli Goranmak ministri Akar kabul edilşikge, Prezident Erdoganyň dost we doganlyk ýurt Azerbaýjanyň ýeňiş gününi gutlaýan gutlag ýüzlenmesini gowşurdy.

Ministr Akar kabul edilşikge Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalanmak bilen dowam etjekdigini, Türkiýäniň dogany jan Azerbaýjana goldaw berýändigini we goldaw bermäge dowam etjekdigini ýatlatdy.



Degişli Habarlar