DKTR-nyň BMG-den Uly Tamasy Ýok
Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasyndan Artykmaç Uly Tamasynyň Bolmandygy Beýan Edildi
DKTR-nyň Daşary işler ministri Tahsin Ertugrulogly Kipr meselesiniň çözgüdinde BMG-niň eýeleýän pozisiýasy hakynda beýanat berdi.
Ministr Ertugrulogly: “BMG-den artykmaç tamamyz ýok, şu günki güne çenli haýsydyr bir syýasy hakykaty çözmändigi hemmelere äşgär” diýdi.
Ertugrulogly DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tataryň ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň baş Sekretary Antoniu Guterriş we Kiprin grek böleginiň lideri Nikos Anastasiadis bilen geçiren duşuşyklaryndan soň DKTR-nyň pozisiýasyny Waşingtonda metbugat işgärlerine gürrüň berdi.
Guterrişiň aprel aýynda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçirilen maslahatdan son ylalaşyk üçin şertleriň ýokdugy neticesine gelendigini, emma ony BMG-niň Howpsuzlyk geňeşine habar bermän, ikinci bir maslahatyň geçirilcekdigini aýdandygyny mälim eden Ertugrulogly, aradan 6 aýyň geçendigine garamazdan şol duşuşygyň geçirilmändigine ünsleri çekdi.
Ertugrulogly häzirki wagtda Guterrişiň Kipr meselesinde şahsy wekil bellemegi meýilleşdirýändigini we şol wekiliň şertleriň bolup bolmandygyny öwrencekdigini beýan edip; “Meniň pikirimçe bu, baş Sekretaryň wagt utma synanşygy. Ol hem bilýär, umumy şertler henizem ýok” diýdi.
Ertugrulogly; “Adada iki döwlet bar. Bu hakykata laýyk şert ýüze çykman halatynda we täze gepleşikler tapgyry iki döwletiň arasyndaky gepeleşik tapgyry hökmünde geçirilmese, gepleşikler tapgyryna geçilmecekdigini hemmeler bilmeli” diýdi.
BMG-niň Parahatçylyk güýcüniň 1964-nci ýylda aslyna seredilende bolmadyk Kipr hökümetine esaslanyp ada gelendigini, emma Kipr türkleriniň gussasyny diňdirmändigini gürrüň beren Ertugrulogly; “Şeýlelikde biziň BMG-den artykmaç uly tamamyz ýok. BMG-nin şu günki güne çenli haýsydyr bir syýasy meseläni çözmändigi hemmelere mälim” diýdi.
Degişli Habarlar
Gazak Sungat Ussady Stambulda Konsert Berdi
Düýn 30 ýaşyny gutlan Kudaýbergen, konsertde iň halanýan aýdymlaryny ýerine ýetirdi.
Ermenistan Basyp Alyşlyk Atyndaky 4 Obany Azerbaýjana Berdi
Ermenistan Gazah şäherinde basyp alyşlyk astyndaky 4 obany Azerbaýjana berdi