DKTR-nyň Prezidenti Tatar BMG-nyň Baş Sekretary Guterreş Bilen Duşuşar

Ersin Tatar 25-nji sentýabrda BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş bilen duşuşjakdygyny aýtdy.

1709153
DKTR-nyň Prezidenti Tatar BMG-nyň Baş Sekretary Guterreş Bilen Duşuşar

BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasyna gatnaşmak üçin ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherine giden Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Prezidenti Ersin Tatar 25-nji sentýabrda BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş bilen duşuşjakdygyny aýtdy.

Prezident Tatar sosial mediadan beren habarnamasynda BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň düýn öz işine başlandygyny ýatlatdy.

Ersin Tatar, Nýu-Ýorkda Türk öýüniň täze binasynyň açylyş dabarasynda BMG-nyň Baş sekretary Guterreş bilen gysgaça söhbetdeş bolandygyny belledi.

Tatar “Şenbe güni Baş sekretar bilen duşuşaryn. Duşenbe güni bolsa Baş sekretarynyň berjek günorta naharynda Kipriň grek böleginiň lideri Anastasiadis bilen duşuşaryn” diýdi.



Degişli Habarlar