Türkiýeden DKTR-na 75 Million M3 Suw Beriler

Prezident R.T.Erdogan deňiziň düýbünden çekilen ulgam arkaly ýylda 75 million m3 suwy Türkiýeden Demirgazyk Kipr Türk Respublikasyna akdyrmaga başlandyklaryny aýtdy

1643809
Türkiýeden DKTR-na 75 Million M3 Suw Beriler

Erdogan: “Maksadymyz Kipriň türk halkynyň has eşretli geljege eýe bolmagy” diýdi.

Prezident Erdogan DKTR-nyň Suwaryş tuneliniň açylyş dabrasyna Stambuldan onlaýn ulgam arkaly gatnaşdy.

Dabarada sözlän sözünde deňiziň düýbünden gurlan ulgam bilen 75 million m3 suwy Türkiýeden DKTR-na ýetirendiklerini beýan eden Erdogan; “Maksadymyz, DKTR-nyň ösüp, güýçlenmegi we Kipriň türk halkynyň has eşretli geljege eýe bolmagy” diýdi.

Türkiýe bilen DKTR-nyn arasyndaky taryhy, medeni, geografik gatnaşyklara ýene-de birini goşandyklaryny beýan eden Erdogan: “Şu günki günde ene watanyň suwuny DKTR-nyň bereketli topraklaryna akdyrjak geçiriji suwaryş tunelini açýarys ekerançylyk meýdanlarynyň suwarylmagy bilen ýylda 156 milion liralyk girdeji alynar we 10 müň adama goşmaça iş üpjünçiligini dörediler. Suw ýetmezçiligini ortadan aýyrjak taslamamyz bilen Kipr türküni hiç kime mätäç etmezlik üçin alyp barýan tagallamyzy görkezdik” diýdi.

Kipr gepleşikleri hakynda-da durup geçen Erdogan: “Kiprde çözgütsizligiň jerimesini indi türk tarapyna çekdirip bilmez. Kipriň türk halky adada durnuksyzlyga artykmaç ýol bermejekdigini görkezdi. Täze bir gepleşikler tapgyry başlajak bolsa, ol indi iki jemgyýetiň arasynda däl, iki döwletiň arasynda bolmaly. İki döwlet nähili hyzmatdaşlyk etjekdigini kesgitlemeli. İlkinji nobatda Kipr türkleriniň deň derejesi ykrar edilmeli, gepleşikler şondan soň başlamaly” diýdi.



Degişli Habarlar