Azerbaýjan Gelejek Üçin Tagalla Etmäge Taýar

Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew Kawkazda gelejek üçin tagalla etmäge taýardyklaryny mälim etdi

1643164
Azerbaýjan Gelejek Üçin Tagalla Etmäge Taýar

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew territoriýalarynyň 30 ýyl basyp alyjylaryň elinde galmagyna we ol ýerlerdäki agyr ýitgilere garamazdan gelejek üçin tagalla etmäge taýardyklaryny aýtdy.

Aliýew Nizami Genjewi adyndaky Halkara merkeziň guran “Günorta Kawkaz: Sebitleýin galkynyş we hyzmatdaşlyk perspektiwalary” atly web seminara gatnaşdy.

Daglyk Garabag söweşinden soň sebitdäki şertler, Ermenistan bilen gatnaşyklaryň gelejegi, Azerbaýjanyň maksatnamalary hakynda çykyş eden Aliýew, dürli ýurtlardan ozalky prezidentleriň, premýer-ministrleriň we ministrleriň degişli bolmagyndaky gatnaşyjylaryň soraglaryna jogap berdi.

Aliýew söweşin sebitdäki şertleri doly özgerdendigini, şeýlelikde Günorta Kawkaz üçin täze çemeleşmeleriň we täze gün tertibiniň gerekdigini nygtady.

Basyp alyjylyk döwründe Ermenistan bilen hiç hili hyzmatdaşlyk etmejekdiklerini aç-açan beýan edendiklerini ýatladan Aliýew: “İndi gelejege seredeliň. Azerbaýjan, territoriýasynyň 30 ýyllap basylyp alynmagyna, ol ýerlerdäki agyr ýitgilere garamazdan integrirlenen Günorta Kawkazda gelejek üçin taýar. Men Günorta Kawkazda işjeň hyzmatdaşlygyň we integrasiýanyň ara alynyp maslahatlaşyljak wagtynyň geljekdigini tama edýärin” diýdi.

Aliýew sebitde iş ýüzüne geçiriljek ulag-kommunikasiýa taslamalary hakynda-da durup geçip; “Zengezur koridorunyn açylmagyndan soň sebitdäki ähli ýurtlar üçin täze şertler ýüze çykar. Azerrbaýjan hyzmatdaşlyga we umumy gelejegi meýilleşdirmäge açyk. Syýasatçylar, sebitde durnukly galnyşyň, parahatçylygyň we howpsuzlygyň diňe özara tagallalar bilen ýola goýulyp bilinjekdigini wagyz etmeli” diýdi.

 



Degişli Habarlar