Türkistan Türk Dünýäsiniň Ruhy Paýtagtlaryndan Biri Hökmünde Yglan Edildi
Türk dünýäsiniň beýleki gadymy şäherlerine hem geljekde şuňa meňzeş statusyň berilmegi meselesinde ylalaşyk gazanyldy
Türk Geňeşiniň jemleýji jarnamasynda, Türkistanyň Türk dünýäsiniň ruhy paýtagtlaryndan biri hökmünde yglan edilendigi we Türk dünýäsiniň beýleki gadymy şäherlerine hem geljekde şuňa meňzeş statusyň berilmegi meselesinde ylalaşyk gazanylandygy nygtaldy.
Türk Geňeşiniň liderler maslahatynda, geňeşiň Türk dünýäsiniň gymmatlyklarynyň we bähbitlerininiň sebitara we halkara derejesinde ýakyndan tanyşdyrylmagyndaky we goldanmagyndaky rolynyň artdyrylmalydygyna üns çekişdi.
Türk Geňşiniň jemleýji jarnamasynda, çaknyşyklar sebäpli haraba öwrülen ýerleriň ýaňadandan dikeldilmegi meselesinde Azerbaýjanyň hökümetine we halkyna goldaw berilýändigi bellenildi.
Degişli Habarlar
Erdogan Azerbaýjanly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Erdogan bilen Aliýew Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky özara gatnaşyklar hakynda pikir alyşdy