Azerbaýjanda Tebigy Gaz Gory Tapyldy

“Şafak-Asiman” käninde 7,189 metr çuňlukda tebigy gaz ätiýajy tapyldy

1607753
Azerbaýjanda Tebigy Gaz Gory Tapyldy

Hazar deňiziň Azerbaýjana degişli böleginde ýerleşýän “Şafak-Asiman” känindäki burawlaýyş işlerinde tebigy gaz ätiýajynyň bardygy anyklandy

Azerbaýjanyň döwlet nebit firmasynyň (SOKAR) beren beýannamasyna görä “Şafak-Asiman” käninde 7,189 metr çuňlukda tebigy gaz ätiýajynyň tapylandygy habar berildi.

Beýannamada zolagyň ätiýaçlarynyň doly kesgitlenmegi üçin goşmaça derňew işleriniň geçiriljekdigi mälim edildi.

Paýtagt Bakuwyň 125 kilometr günorta-gündogarynda ýerleşýän “Şafak-Asiman” käni 1100 inedördül metr meýdana eýe.

Deňiz çuňlugy 650-800 metr aralygynda bolan kände gözleg işleri “SOKAR” we “BP” firmasy tarapyndan bilelikde alynyp baryldy.

“SOKAR” we “BP” “Şafak-Asiman” käniniň bilelikde dolandyrylmagy hakynda 2010-njy ýylda şertnama baglaşypdy.


Etiketkalar: #gor , #tebigy gaz , #Azerbaýjan

Degişli Habarlar