Gyrgyz Respublikasynda Baýdak Güni Dabaraly Bellenilip Geçildi

Gyrgyz Respublikasynda 3-nji mart Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli ýurdun ähli künjeklerinde resmi dabaralar geçirildi

1594300
Gyrgyz Respublikasynda Baýdak Güni Dabaraly Bellenilip Geçildi

Paýtagt Bişkekdäki dabara Ala-Too meýdanynda guraldy.

Milli mukamyň ýerine ýetirilmegi bilen başlan dabarada söz sözlän Bişkegiň şäher häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirýän Baktybek Kudaýbergenow: “Mejlis 29 ýyl mundan ozal 1992-nji ýylyň 3-nji martynda Gyrgyzstanyň Döwlet baýdagyny kabul etdi. Garaşsyz Gyrgyzstanyň baýdagy ilkinji gezek 1992-nji ýylyň 5-nji martynda baýdak diňine asyldy. Baýdagy Edil Aýdarbekow, Bekbosun Žaýçybekow, Sabyr İptarow, Žusup Mataýew we Mamatbek Sydykow dagy dizaýn etdiler. Döwlet baýdak güni 2010-njy ýyldan bäri resmi dabaralar bilen bellenilip geçilýär” diýdi.

Gazagystanyň paýtagty Nur Soltanda resmi saparyny dowam etdirýän Prezident Sadyr Japarow hem 3-nji mart Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli çap eden ýüzlenmesinde gyzyl baýdagyň ýurduň garaşsyzlygynyň we azatlygynyň simwolydygyny, gyrgyz halkynyň ruhy gymmatlyklaryny we taryhy ýoluny beýan edýändigini nygtady.

Ata-babalarynyň asylly däplerini dowam etdirip, ýurduň geljegi üçin bir baýdagyň astynda birleşmegiň möhümdigini beýan eden Japarow, halkyň Döwlet baýdak gününi gutlady.



Degişli Habarlar