Aliýew Erdogana Duýgudaşlyk Ýüzlenmesini Ugratdy

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew ekstremist terror guramasy PKK tarapyndan şehit edilen 13 raýat üçin Prezident R.T.Erdogana duýgudaşlyk bildirdi

1583311
Aliýew Erdogana Duýgudaşlyk Ýüzlenmesini Ugratdy

Ilham Aliýew ýüzlenmesinde: “Hyýanatçylykly terror aksiýasynyň netijesinde 13 sany bigünä türk raýatynyň gyrylmagy bizi çuňňur gynandyrdy. Asuda ilata edilen şeýle wagşy terror aksiýasyna çäksiz gynanç bildirip, terrorizmiň ähli görnüşlerini berk ýazgarýarys. Başdan geçirilen pajyga sebäpli size, öldürilenleriň maşgala agzalaryna we ýakynlary bilen türk halkyna duýgudaşlyk bildirýäris” diýip ýazdy.

Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow hem şehitleriň maşgala agzalaryna we türk halkyna duýgudaşlyk bildirdi.

Sosial media hasabyndan habarnama beren Baýramow: “Hyýanatçylykly terror hüjümi sebäpli 13 türk raýatynyň öldürilmegi hakyndaky habar bizi çuňňur gynandyrdy. Şehitleriň maşgala agzalaryna we doganlyk türk halkyna duýgudaşlyk bildirýäris. Asuda ilata edilen terror hüjümini berk ýazgarýarys. Başyň dik bolsun doganlyk Türkiýe” diýip ýazdy.



Degişli Habarlar