Japarow Gyrgyz Respublikasyny 3-4 Ýylyň Dowamynda Ykdysady Çökgünlikden halas Eder

Saýlawda üstün çykan Sadyr Japarow metbugata beýannama berdi

1561115
Japarow Gyrgyz Respublikasyny 3-4 Ýylyň Dowamynda Ykdysady Çökgünlikden halas Eder

Gyrgyz Respublikasynyň prezident saýlawynda üstün çykan Sadyr Japarow syýasy durnuklylyk ýola goýulan halatynda ýurduny ykdysady çökgünlikden 3-4 aýda halas etjekdigini beýan etdi.

Sadyr Japaryw paýtagt Bişkekde geçiren metbugat ýygnagynda soňky 30 ýylda gaplygyň ähli ugurda kök urandygyny beýan edip, gaplyklara garşy göreşde hemmeleriň jogapkärçilikli çemeleşip, döwlede goldaw bermelidigini nygtady.

Saýlawçylaryň özüni gaplyklara garşy göreşmegi üçin saýlandygyny beýan eden Japarow: “Ozalky hökümetleriň goýberen ýalňyşlyklaryny gaýtalamarys. Syýasy basyşlardan daşda durarys. Hukugyň üstünligine äsgermeýänlere geçirimlilik etmeris” diýdi.

Japarow ýurtdaky meseleleri çözmek üçin 1-2 ýylyň ýeterlik däldigini belläp: “Syýasy durnuklylyk ýola goýulan halatynda Gyrgyz Respublikasyny ykdysady çökgünlikden 3-4 ýyldan halas ederin” diýdi.

Gyrgyz Respublikasynyň Merkezi Saýlaw we Referendum Toparynyň Başlygy Nuržan Saildabekowa anyk bolmadyk netijelere görä sesleriň 79,18 göterimini alan Sadyr Japarowyň prezident saýlawynda üstün çykandygyny beýan edipdi.

Gazagystanyň döwlet Ýolbaşçysy Kasym-Jomarat Tokaýew hem Sadyr Japarowa telefon edip, gazanan üstünligi bilen gutlady.

Japarow hem Tokaýewi Gazagystanda geçirilen parlament saýlawynyň asuda şertlerde geçmegi mynasybetli gutlap, gazak kärdeşiniň çakylygyna laýyklykda ilkinji resmi daşary ýurt saparyny Gazagystana gurajakdygyny aýtdy.

 

 

 

 



Degişli Habarlar