“Türk F-16-lary Ruhy Goldaw Üçin Bärde Galdy”

"2-nji Garabag söweşi 1 aýa golaý wagt bäri dowam edýär we ol Azerbaýjan halky üçin “watançylyk urşy"

1516256
“Türk F-16-lary Ruhy Goldaw Üçin Bärde Galdy”

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew ýurdundaky türk F-16-larynyň ozal türgenleşik üçin gelendigini, emma doganlyk Türkiýe tarapyndan ruhy goldaw üçin Bakuwda galýandygyny aýtdy.

Aliýew halka ýüzlenip eden çykyşynda: “Maňa “Türk F-16-laryň sizde näme işi bar” diýip soraýarlar. Jogap bermekden ýadadym. Hemmeleriň bilşi ýaly F-16-lar ýerde garaşýar. Türgenleşik üçin gelipdi. Türk doganlarymyz olary bize ruhy goldaw bermek üçin bärde goýup gitdi. Eger bize garşy daşarda haýsydyr bir hüjüm edilen halatynda, ine şol wagt F-16-lary görerler” diýdi.

Ilham Aliýew 2-nji Garabag söweşiniň 1 aýa golaý wagt bäri dowam edýändigini we onuň Azerbaýjan halky üçin “watançylyk urşydygyny” beýan etdi.

Azerbaýjanyň goşunlarynyň şol möhletde köp sanly ilatly ýeri ermeni basybalyjylaryndan halas edendigini ýatladan Aliýew, söweş meýdanynda taryhy adalady gaýtadan ýola goýandyklaryny nygtady.

Aliýew Daglyk Garabagyň ozaldan bäri baky Azerbaýjan topragydygyny nygtap, Azerbaýjan halkynyň asyrlardan bäri ýaşaýandygyny, ermenileriň bolsa soň göçürilendigini aýtdy.

Ermeni lobbisiniň sebitiň we çaknyşygyň taryhy hakynda ýalňyş maglumat berip, dünýä jemgyýetçiliginde ýalyňyş düşünje emele getirýändigini aýdan Aliýew, Azerbaýjan diplomatiýasynyň tagallasy bilen indi dünýäde mesele boýunça obýektiw garaýyşyň emele gelendigini beýan etdi.

Aliýew Daglyk Garabag meselesiniň çözülmegi üçin iş alyp barýan ABŞ-nyň, Russiýanyň we Fransiýanyň egindeş ýolbaşçylyk edýän Minsk toparynyň hem tagallalary barada-da durup geçip: “Minsk toparynyň işleri hemmelere mälim. Meseläni monopoliýasyna aldy. Üç ýurt bu iş bilen gyzyklanmaga başlady. Biziň üçin netijesi bolmady. Emma Ermenistan üçin boldy. Ermenistan elmydama gepleşikleriň dowam etmegini isledi. Bizi aldatmaga dowam etsinler. Mesele doňdurylsyn. Minsk topary basybalyja basyş edip bildimi? Ýok. Basyş etmek isledilermi? Ýok. Olara ençeme gezek diýipdim. Çözgüt tapmak isleýän bolsaňyz Ermenistana sanksiýa goýuň. Siz BMG-niň Howpsyzlyk geňeşiniň hemişelik agzalary. Islendik meseläni çözüp bilersiňiz. Bu meselelerde, ýadro ýaraglary, Orta Aziýa, Aziýa we Ýewropa ýurtlarynda başdan geçirilýän meseleler boýunça şol üç ýurduň bähbitleri bap gelmeýär. Emma Daglyk Garabag meselesinde doly bap gelýär. Doňdurylan şertler bizden başga hemmeleri kanagatlandyrýar. İlki bilenem Ermenistany kanagatlandyrýar” diýdi.

Aliýew BMG-nin Howpsyzlyk geňeşinde soňky günlerde Azerbaýjana garşy karar çykarylmak islenendigini we şol kararyň geňeşiň wagtlaýyn agzalary, şol bir wagtda-da Baglanşyksyzlar hereketine agza käbir ýurtlar tarapyndan öňüniň alynandygyny belläp, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R.T.Erdoganyň “Dünýä 5-den uly” sözüniň iňňän ýerliklidigini nygtady.

Aliýew beýleki tarapdan “Ykdysadyýeti şeýle pes bolan ýurda şunça gymmat ýaraglar nirden gelýär. Nireden gelýär bularyň puly” diýdi we operasiýalaryň dowamynda ýok edilen ýa-da ele salynan Ermenistana degişli ýaraglar hakda şu maglumaty berdi:

“252 tank hatardan çykaryldy, 53 sanysy ele salyndy. 50 sany sowutly pyýada goşun ulagy ýok edildi, 29 sanysy ele salyndy. Dürli kalibrli 251 top hatardan çykaryldy, 24 sanysy ele salyndy. 61 minemýot hatardan çykaryldy, 45 sanysy ele salyndy. 53 zenit, 82 Grad, 2 Uragan raketa ulgamy, 1 TOS raketa ulgamy, 4 TOR, 4 KUB, 1 Krug, 2 S-125, 40-a barabar OSA zenit raketa ulgamy, 6 sany S-300 raketa goranyş ulgamy, 2 sany Elbrus ballistiki raketa ulgamy, 1 sany Toçka-U ballistiki raketa ulgamy, 20 sanysy ok-däri ýüklenen 231 ýük ulagy hatardan çykaryldy. 173 ýük ulagy bolsa ele salyndy” diýdi.

Aliýew sözlerini: “Basyşlar bizi yza gaýtaryp bilmez. Abaý-syýasatlar bizi ýolumyzdan dändirmez. Söweşiň birinji gününde söz beripdim. Duşmany soňuna çenli ýurdumyzdan kowarys. Garabag Azerbaýjandyr” diýip tamamlady.



Degişli Habarlar