Ersin Tatar DKTR-nyň Prezidentligine Saýlandy

Ersin Tatar sesleriň 51,74, häzirki Prezident Musafa Akynjy bolsa sesleriň 48,26 göterimini aldy

1511453
Ersin Tatar DKTR-nyň Prezidentligine Saýlandy

 

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynda geçirlen prezident saýlajynyň ikinji tapgyrynyň resmi bolmadyk netijelerine görä, Premýer ministr je Milli Jebislik partiýasynyň dalaşgäri Ersin Tatar, sesleriň 51,74 göterimini alyp prezidentlige saýlandy.

Ýokary saýlaj geňeşi, saýlajyň ikinji tapgyrynda, Ersin Tataryň üstünlik gazanandygyny habar berdi.

Ersin Tatar sesleriň 51,74, häzirki Prezident Musafa Akynjy bolsa sesleriň 48,26 göterimini aldy.

Kipr türk halky, 1974-nji ýyldan bäri 10-njy gezek prezdentini saýlamak üçin ses berdi.

2003-nji ýylda syýasatyna giren Ersin Tatar, geçen ýylyň maý aýynda Milli Jebislik partiýasy bilen Halkyň partiýasy tarapyndan gurlan şäriklik hökümetinde Premýer ministr jezipesini ýerine ýetirdi.

 



Degişli Habarlar