Türk Gyzyl Ýarymaý Jemgyýeti Azerbaýjana Gumanitar Kömek Ugratdy

Türk Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň Daglyk Garabagdaky çaknyşyklardan zyýan çekýän halka paýlamak üçin Azerbaýjana gyssagly ynsanperwer kömegini ugratdy

1506102
Türk Gyzyl Ýarymaý Jemgyýeti Azerbaýjana Gumanitar Kömek Ugratdy

Jemgyýetin paýtagt Ankaradaky Estimesgut kompleksinde 4 konteýnerden ybarat ulag kerweni dabara bilen ugradyldy.

Türk Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň Başlygy Kerem Kynyk dabarada sözlän sözünde Azerbaýjana degişli bolan Daglyk Garabagda 27-nji sentýabrda başlan çaknyşyklar we asuda ilatyň nyşana almagy sebäpli başlan Azerbaýjan-Ermenistan çaknyşygynyň dowam edýändigini aýtdy.

Azerbaýjanyň Gyzyl ýarymaý jemgyýeti bilen ýakyn hyzmatdaşlyk edýändiklerini aýdan Kynyk: “Köp sanly adam pidalarynyň bardygyny, ilatly ýerleriň, mekdepleriň, hassahanalaryň we döwlet edaralarynyň agyr artilleriýa hüjümine sezewar bolandygy, ilatly ýerlerde partlamadyk ok-däriniň barydygy, şolar sebäpli adamlaryň öýleriniň ammarlarynda gizlenýändigi ýa-da başga ýerlere gidendigi habar berildi” diýdi.

Kynyk: “Azerbaýjanyň Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň talaplaryna laýyklykda 260 sany 16 inedördül metrlik 6 adamlyk çadyr, 3 müň ýorgan, 500 düşek, 288 aşhana komplekti, 1,2 million lira barabar ynsanperwer kömek enjamlary 4 konteýnerde 3 hünärmenimiz bilen Azerbaýjana ugradýarys” diýdi.



Degişli Habarlar