" Kipriň Suw Giňişliginde Geçiriljek Harby Türgenleşik Halkara Hukugyna Bap Gelmeýär"

Ersin Tatar, Gresiýanyň, Fransiýanyň we İIaliýanyň gatnaşmagynda geçiriljek harby türgenleşigiň halkara hukugyna bap gelmeýändigini aýtdy

1479522
" Kipriň Suw Giňişliginde Geçiriljek Harby Türgenleşik Halkara Hukugyna Bap Gelmeýär"

 

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Premýer ministri Ersin Tatar, Kipriň suw giňişliginde, Gresiýanyň, Fransiýanyň we İIaliýanyň gatnaşmagynda geçiriljek harby türgenleşigiň halkara hukugyna bap gelmeýändigini aýtdy.

Türkiýäniň Ortaýer deňizinde 1800 kilometrlik kenarýaka zolagynyň bardygyny aýdan Tatar, DKTR-nyň hem kenarýaka zolagynyň bardygyny we kimdir biriniň şol zolakda haýsydyr bir işe girişýärkä bu meselä üns bermelidigini belledi.

Ersin Tatar, halkara hukugyna görä, Kiprde deň hukukly ýagdaýda grekler we türkleriň bardygyny we Kipriň grek böleginiň, Kiprli türkler tarapyndan tassyklanmadyk haýsydyr bir şertnama ýa-da hyzmatdaşlyga degişli bolup bilmejekdigini ýatlatdy.

Tatar” Bu türgenleşik ýalňyş we halkara hukugyna bap gelmeýär. Kipriň Türkiýe, Britaniýa we Gresiýa bolmak bilen 3 hemaýatkäri bar. Kipriň grek bölegi bilen beýleki ýurtlaryň şertnama baglaşmaga hukugy ýok. Şol hemaýatkärlerden başga ne Fransiýa ne-de başga bir ýurt bu ýerlere gelip bilmez. Bu türgenleşik nireden çykdy?. Nämäni subut etmäge çalyşýarlar?. Türkiýe bilen söweş bolan halatynda Türkiýä garşy nähili söweşjekdiklerini synagdan geçirýärlärmi?”diýdi.



Degişli Habarlar