DKTR-da Azerbaýjanyň Halkara Medeniýet Merkezi Açyldy

Azerbaýjanyň Demirgazyk Kipr Türk Respublikasyndaky  Halkara medeniýet merkezi dabara bilen açyldy.

2140317
DKTR-da Azerbaýjanyň Halkara Medeniýet Merkezi Açyldy

DKTR-da 12 ýyldan bäri iş alyp barýan Azerbaýjan-Kipr Dostluk jemgyýeti tarapyndan Lapta şäherinde döredilen Azerbaýjanyň Halkara medeniýet merkeziniň açylyşy mynasybetli dabara geçirildi.

Dabara DKTR-nyn Prezidenti Ersin Tatar, Respublika MEjlisiniň Başlygy Zorlu Töre, Premýer-ministr Ünal Üstel, Türkiýe, Azerbaýjan we DKTR-nyň mejlislerarasy dostluk toparlarynyň agzalarynyň ýany bilen halk deputatlary we raýatlar gatnaşdylar.

DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar dabarada sözlän sözünde günbataryň, Günorta Kipriň we ÝB-ne agza käbir ýurtlaryň henizem Kipr türklerine embargolar we çäklendirmeler goýmagynyň Kipriň türk halkyna edilen iň uly erbetlikdigini aýtdy.

Tatar Kipriň türk halkynyň ýok edilmegi üçin misginsokar oýunlaryň oýnalýandygyny beýan etdi.

DKTR-nyň türk dünýäsi üçin eýe bolan ähmiýetine ünsi çeken Tatar, Mawy watan bilen Gök watandaky milli bähbitleriň goralmagy taýdan türk bileleşiginiň möhümdigini nygtady.

Prezident Ersin Tatar DKTR bilen Azerbaýjanyň arasyndaky gatnaşyklaryň hasam ösdürilmelidigini nygtap; “Gönüden uçar gatnawy bien Bakuw we Erjan howa menzillerinin arasyndaky bu köprüni hasam berkitmek hem-de aramyzdaky taryhy, medeni gatnaşyklary ösdürmek ählimiziň arzuwy we dilegidir” diýdi.



Degişli Habarlar