Wengriýada Ermenistanyň, Azerbaýjan-Ermenistan serhedinde guraýan hüjümlerine garşy ýöriş geçirildi
Ýörişde Azerbaýjanyň, Türkiýäniň we Wengriýanyň baýdaklary göterildi
Wengriýanyň paýtagt Budapeştde, Ermenistanyň ýaragly güýçleriniň Azerbaýjan-Ermenistan serhedinde guraýan hüjümlerine we Daglyk Garabagyň basylyp alynmagyna garşy protest ýörişi geçirildi.
Azerbaýjan-Wengriýa Doganlyk jemgyýeti, Azerbaýjan-Wengriýa ýaşlar bileleşigi jemgyýeti we Azerbaýjan Medeniýet öýi tarapyndan Gahrymanlar meýdanynda geçirlen ýörişe onlarça adam gatnaşdy.
Ýörişde Azerbaýjanyň, Türkiýäniň we Wengriýanyň baýdaklary göterildi.
Azerbaýjan-Wengriýa Doganlyk jemgyýetiniň başlygy Ramiz Emirli, Ermenistanyň Azerbaýjana guraýan hüjümlerine Ýewropa ýurtlarynyň ünsüni çekmek üçin ýöriş geçirýändiklerini aýtdy.
Ýörişde Ermenistanyň ýaragly güýçleriniň Azerbaýjan-Ermenistan serhedinde guraýan hüjümlerine garşy şygarlar aýdyldy
Degişli Habarlar
Mejlisiň Başlygy Numan Kurtulmuş Gazagystanda Saparda Bolýar
Numan Kurtulmuş paýtagt Astanada Gazagystanyň Mejlisiniň Başlygy Ýerlan Koşanow bilen duşuşdy.